Haýsysy gowy – IMO ýa-da ICQ?
25.01.2023 | 18:07 |Türkmenistandaky iň meşhur messenjerleriň biri IMO we ICQ hasaplanylýar. Bu goşundylar adaty ulanyjylaryň arasynda hakyky kommunikasiýa serişdesidir: olaryň üsti bilen ýazyşýarlar, suratly ýa-da «şekilli mazmuny» ugradýarlar, jaňlaşýarlar we gyzyklanmalar boýunça toparlary döredýärler.
Birnäçe ýyl mundan ozal türkmen goşundylar bazarynda ICQ uly islegden peýdalanyp başlady, il içinde “aska” diýilýäni ýaýraýyş we meşhurlyk depgini boýunça iň öňdebaryjy kommunikasiýa platformasynyň adyna dalaş edip başlady. Şeýlelik bilen, türkmen ulanyjylarynyň arasyndaky IMO-nyň köp ýyllyk monopoliýasy çat açdy we, şonuň bilen baglylykda, iki sany esasy lager döredi, olaryň hersi öz halaýan aragatnaşyk serişdesiniň artykmaçlygyny goraýarlar.
Bu makalada Türkmenistandaky aragatnaşygyň iki öňdebaryjy platformasynyň artykmaçlygyny we kemçiligini açyp, garalýan goşundylaryň haýsysynyň has funksionaldygyny we amatlydygyny anyklajak bolalyň.
IMO-nyň artykmaçlygy we kemçiligi
IMO goşundysy Kaliforniýadan bolan topar tarapyndan işlenip düzülýär. Bu hyzmat dünýädäki iň meşhurlaryň biridir: Play Market-de onuň bir milliarda golaý ýüklenip alnandygyny görmek bolýar. Şu günki güne çenli IMO Türkmenistanda has meşhur messenjer bolmagynda galýar — ol internetden peýdalanýan her bir adamda diýen ýaly bardyr.
Goşundynyň Google Play platformasyndaky ortaça bahasy 7,7 mln ses berenleriň etmeginde 4,2 balla deň. Türkmen toruny ulanyjylar goşundyny ulananda şu aşakdaky kemçilikleri belleýärler:
– IOS-da ulanmagyň çylşyrymlydygy: goşundy ýa açylanok, ýa-da habar ugradylada «togtaýar»,
–jaňlar baglanmagyň pes hili sebäpli kesilip bilýär. Şeýle hem käbir ulanyjylaryň jaň etmek mümkinçiligi ýokdur,
– suratlar, şekilli görnüşler we beýleki faýllar ýüklenip alynman bilner, ýüklenen kontent öz hilini ýitirýär,
– dostlaryň taryhlary ýa uzak wagtlap ýüklenýär, ýa-da asla açylanok,
– goşunda birbada gireniňde kanala “uçup” bolýar, şeýle hem ondan çykjak bolanyňda doňup durýar ýa-da uzak wagtlap ýüklenýär.
Has giň ýaýran şu meselelerden başga-da, näsazlyklaryň we goşundynyň ýaşňyşlarynyň käbir halatlary hem bellenilýär. Olaryň ählisi ulanylýan gurluşa we bu platforma giriş ýygylygy bilen baglanyşyklydyr. Ýöne IMO-nyň goragçylary bu sosial torunyň artykmaçlyklaryny belläp, öz diýenlerinde berk durýarlar:
– Düşnükli we amatly interfeýs,
– gurluşlaryň ýeňil ulgamy,
– tanyşlaryň mobil we tiz gözlenip bilinmegi,
– goşundynyň has optimizirlenen beta-wersiýasynyň bolmagy (şeýle hem ýokary hilli şekilli jaňlar üçin HD wersiýasy bardyr),
– köpçülik tarapyndan ulanylýandygy we hemmelere elýeterlidigi,
– “Dostlaryň dosty” umumy lentasynyň bolmagy (IMO-nyň garşydaşlary bu funksiýany kemçiligine degişli edýärler).
Ähli artykmaçlyklaryny we kemçiliklerini ölçerip, şu netijä gelnip bilner – IMO düşnükli, elýeterli we oňaýly, ýöne goşundynyň çendenaşa “agyrdygy” sebäpli, onuň faýllary we beýleki obýektleri ýüklemek bilen bagly köp meseleleri bar: eger-de dürli maglumatlaryň saklanyşyna gözegçilik etmeseň, onda “zibil” ýatda saklamalaryň umumy “tonnažy” gigabaýtlara ýetip biler.
IMO-nyň meseleleri bar, ýöne olary çözüp bolýar. Olaryň düzedilmegi türkmen ulanyjylaryna bu platformanyň artykmaçlygyndan mundan beýläk lezzet almaga mümkinçilik berer. Elbetde, goşundy täzelenýär, ýöne bu ýeterlik däl.
**ICQ-nyň artykmaçlyklary we kemçilikleri
«Aska» — bu “täze- bir eýýäm ýatdan çykarylan köne” diýlen ýagdaýdyr. Haçanda bu sosial tor ilatyň arasynda tiz ýaýrap başlanda, ulanyjylaryň uly nesli ol hakda bilýärdi. Indi kem-kemden hemmeler: restoranlar, dükanlar, guramalar we elbetde – blogerler ICQ geçip başladylar. Adaty türkmen ulanyjylary IMO-nyň dizaýnyna we gurluşyna öwrenişdiler we “aska”-nyň nähili gurnalandygy olaryň göwnüne ýaran bolmaly.
Türkmenistandaky ulanyjylar goşundynyň esasy artykmaçlygy aşakdakylar diýip belleýärler:
– suratly we şekilli kontenti tiz ýükläp almak,
– suraty we beýleki faýllary diňe ulanyjynyň razylygy bilen ýükläp bolýar,
– ýürege düşgünç kanallary blokirlemek mümkinçiligi we beýleki ulanyjylara dürli çatlara we toparlara goşmagy gadagan edip bolýar,
– ugradylan suratlaryň we şekilleriň hiliniň saklanmagy,
– storisiň (öňki ýazyşanlaryň) tiz ýüklenmegi (açylmagy),
– ICQ-däki aýratyn mümkinçilikler – soragnamalar, kanallar, aýratyn çap etmeler we ş.m.
Kemçilikleri:
– gürrüňdeşler gözlenende az hereketlilik,
– çatlarda köp habarlar bolanda uzak wagtlap açylmagy,
– dürli kanallaryň we toparlaryň ýürege düşgünçligi,
– profili redaktirlemegiň mümkinçiliginiň gytlygy,
– has köp ugurly we şahalanan spam-şit (gorag),
– ulanyjylary blokirlemegiň şübheli ulgamy.
Ýokarda sanalanlardan başga-da, goşundy diňe bir Android-de däl, eýsem iOS tarapyndan hem gowy kabul edilýär. Şeýle hem bu goşundy sebitleýin ýaýranlygy bilen tapawutlanýar: esasy bazary – Azia, Ýakyn Gündogar, öňki sowet döwletleriniň çägi.
ICQ Mirabilis Israýyl kompaniýasy tarapyndan işlenip düzüldi we uzak wagtlap AOL Inc. amerikan konglomeraty tarapyndan dolandyryldy. Diňe 2010-njy ýylda Russiýanyň VK-y goşundyny satyn aldy, ol runeti ulanyjylaryna “aska” diýlip atlandyryldy. Indi bu “aska” Türkmenistandaky ulanyjylaryň ýüregine ýaramak üçin IMO bilen bäsleşýär. Kime tapawut goýmalydygyny bolsa diňe siz kesgitleýärsiňiz.
Arslan MÄMEDOW