ÝUNESKO-nyň kafedralary: olaryň Türkmenistandaky talyplara nähili artykmaçlyklary berýändigini bileliň
22.02.2023 | 16:32 |ÝUNESKO bilim, ylym we medeniýet babatda iri bütindünýä düzüm bolmak bilen, ýokary bilim ugrundan öz içine birnäçe maksatnamalary alýar. Şeýle maksatnamalaryň biri dünýäniň uniwersitetleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge niýetlenen UNITWIN. Bu maksatnama «ÝUNESKO-nyň kafedralarynyň tory» ady bilen has mälimdir.
ÝUNESKO-nyň kafedralarynyň maksady näme?
Kafedralaryň baş maksatlary zenanlaryň bilim almak işine gatnaşmagy arkaly gender deňligi ideýasyny öňe sürmekdir, seminarlaryň we maslahatlaryň kömegi arkaly ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky torlaýyn özara gatnaşyklar, medeniiýetara hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmekdir.
Bu maksatlara ýetmek üçin maksatnama hünär maglumatyny alyşmak, hukuk goraýjy ygtyýarlyklaryň ösdürilmegi, bilimleri alyşmak, neşirýat işjeňligi we Toruň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk ýaly usullary ulanýar.
Ýokary okuw mekdebi haýsy kriteriýalar boýunça kafedralaryň toruna baglanyp biler?
Häzirki wagtda dünýäde ÝUNESKO-nyň 900-e golaý kafedrasy döredilendir. Maksatnamanyň ýolbaşçylygy ýokary okuw mekdebini, eger-de ol aşakdaky kriteriýalara gabat gelýän bolsa, Tora kabul edip bilýar:
— mugallymlaryň seredilýän ugurdaky bilim tejribesi we olaryň işleri çap etmek başarnygy;
— Ýokary okuw mekdebi bilimleriň we talyplaryň akademiki alyş-çalşyny öňe sürmeli, şeýle hem beýleki ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygy öňe sürmeli;
— Ýakyn 4 ýyl üçin durnukly maliýe meýilnamasy.
Öz düzüminde ÝUNESKO-nyň kafedrasy bolmadyk ýokary okuw mekdepleriniň Tora girmek üçin artykmaçlygy bardyr, şeýle hem başlyk edilip zenan saýlanan bolsa, bu tapawutlydyr.
Tora birikmek türkmen ýokary okuw mekdeplerine näme berer?
Iki sany türkmen ýokary okuw mekdebi — Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk instituty – degişli kafedralar açylan ýurtdaky ilkinji ýokary okuw mekdepleridir. TDU-de «Medeni miras: geçmişden geljege» atly kafedra hereket eder, TDMI-da bolsa — «Ekologiki bilim durnukly ösüş üçin» kafedrasy işlär.
Tora birikdirilmegi bilen, türkmen talyplary BMG-niň we ÝUNESKO-nyň nähili gurlandygy we işleýändigi barada goşmaça bilimleri alarlar, şeýle hem halkara derejesindäki dürli maslahatlara we seminarlara gatnaşmaga mümkinçilik alarlar.
Mundan başga-da, talyplar we mugallymlar Toruň beýleki abraýly ýokary okuw mekdeplerindäki öz kärdeşleri bilen bilimleri alyşmak çärelerine gatnaşyp bilýärler, seredilýän ugurlarda daşary ýurtly bilermenler bilen ylmy-barlaglary amala aşyryp bilýärler, işlerini meşhur platformalarda çap edip bilýärler.
Kafedralaryň özleri häzirki zaman tehnologiýalaryň kömegi arkaly, intellektual hukugy goramak arkaly, dünýädäki ýokary okuw mekdepleriniň reýtinginde öňe sürmek arkaly, ýokary ynam bolan uniwersitetlerde mugallymlary we talyplary tejribelik geçmäge ibermek arkaly ylmy işjeňlige höweslendirerler. Şeýle hem kafedralar raýatlaryň başlangyçlar bilen çykyş etjek toparlaryny, bilim we medeni edaralary utgaşdyryjylaryň jogap berýän bäsleşikleri, maksatnamalary we beýleki çäreleri arkaly höweslendirip bilerler.
Iň esasysy — okatmagyň we dersleriň okadylşynyň iň täze usullaryna goşulmak, ol talyplara we mugallymlara öz bilim goruny doldurmaga we öz hünär ugry boýunça başarnyklary edinmäge kömek eder.
ÝUNESKO-nyň kafedrasy kimlerden ybarat bolar?
Hereket edýän UNITWIN tejribesine laýyklykda kafedranyň düzümine onuň akademiki ýolbaşçysy, ýokary okuw mekdebiniň we beýleki uniwersitetleriň we institutlaryň mugallymlary we bilermenleri, şol sanda daşary ýurtdan, okuw okaýan we kafedranyň howandarlygy astynda ylmy barlag alyp barýan talyplar, assosirlenen agzalar - hem ýurduňky, şeýle hem daşary ýurtlaryňky girýärler.
Netije
UNITWIN Türkmenistanda iki sany ýokary okuw mekdebi bilen çäklenmez: mundan beýläkki hyzmatdaşlyk üçin platforma beýleki türkmen ýokary okuw mekdeplerine hem goýlandyr. 2022-nji ýyldan bäri D. Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda ÝUNESKO-nyň «Dünýä dilleri» kluby hereket edýär, Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda bolsa – «Dünýä medeniýeti» kluby hereket edýär. Bu klublar eýýäm bu ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynda BMG-niň gurluşynyň näderejede netijeli hereket edýändigi barada düşünje berdi.
ORIENT habarlar