Iň täze habarlar

Munuň bahasy siziň üçin ... mugt bolar! Maýa atly türkmen zenany Kent graflygynda haýyr-sahawat dükanyny açdy

10.02.2023 | 19:48 |
 Munuň bahasy siziň üçin ... mugt bolar! Maýa atly türkmen zenany Kent graflygynda haýyr-sahawat dükanyny açdy

Angliýanyň Hern-Beý şäheriniň merkezinde, Kent graflygynda ilatyň has ejiz toparyna kömek etmek üçin egin-eşikleri, ýassyklary, sumkalary hem-de durmuşda ulanylýan beýleki zatlary mugt hödürleýän dükan açyldy. Söwda nokady her gün adamlaryň berýän sadakalarynyň hasabyna harytlar bilen dolup durýar. Şunuň ýaly täsin we ýeke-täk taslamanyň awtory -- Hern-Beýiň ýaşaýjysy, 15 ýyl mundan ozal Türkmenistandan Angliýa göçüp baran Maýa Amangeldiýewadyr.

Graflygyň ýaşaýjylary onuň maliýe taýdan kynçylyk çekýän hem-de goldawa mätäç her adama kömek etmäge bolan hyjuwyna we höwesine haýran galýarlar. Çünki olaryň köpüsi onuň haýyr-sahawat dükanyna gelýärler – kimler egin-eşik, öý-hojalyk zerurlyklaryny, aýakgap, pul we beýlekileri sadaka hökmünde getirse, ýene birleri bolsa – özi üçin gerek harydy almaga gelýär diýip, Mail Online neşiri ýazýar.

1.jpg

Hern-Beýiň esasy köçeleriniň birinde ýerleşen May’s dükäny alyjylara islän zatlaryny mugtuna almaga mümkinçilik berýär. “Men hiç hili sorag bermeýärin, bu ýere geleniň girdejisi bizi gyzyklandyrmaýar – islendik adam biziň muzdsuz dükanymyzdan peýdalanyp biler. Şu gün bizde 100-den gowrak sumkalar boldy we zatlaryň üstüniň artmagy her gün bolup geçýär. Dogrymy aýtsam, tutuş Kentiň ilatyny geýindirmek üçin biziň egin-eşiklerimiz ýeterlik” diýip, Maýa Amangeldiýewa gürrüň berýär.

Maýanyň haýyr-sahawat taslamasy tutuşlygyna jemgyýetçilik guramalaryndan we graflygyň ilatyndan gelýän sadakalaryň hem-de pul serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirilýär we azyk önümleriniň hem-de elektrik energiýasynyň bahalarynyň ýokarlanýan şertlerinde has kynçylyk çekýän raýatlara kömek etmäge mümkinçilik berýär. Mundan başga-da, bu pikir “ýaşyl häsiýetine” eýedir – gürrüň ulanylan zatlaryň ikinji gezek peýdalanylýandygy, gaýtadan ulanyş, galyndylaryň tygşytlanmagy we planetanyň zir-zibilden goralmagy barada barýar diýip, dükanyň eýesi aýdýar.

2.jpg

Maýa Amangeldiýewa – üç çaganyň enesi, gurby pes we öýsüzler üçin jemgyýetçilik kafesiniň hojaýyn zenany bolup, oňa 2015-nji ýyldan bäri ýolbaşçylyk edýär. “Dükany açmak pikiri kafemizde egin-eşik asar ýaly asgyç goýan günüm geldi. Şonda onuň üstünde 20-ä golaý zat bardy. Adamlar şeýle bir köp zat getirip başladylar welin, biz haýyr-sahawat söwda nokadyny açmaly bolduk” diýip, Maýa gürrüň berýär.

Häzir käfede we dükanda oňa 150 sany meýletinçiler kömek berýärler. Sadaka berlen pullardan ol jaýyň kärendesini, elektrik energiýanyň sarp edilmesini töleýär, galan serişdeler bolsa diňe mätäçlere niýetlenilen azyk bankyna gidýär. Ýerli supermarketler bu taslamany goldaýarlar hem-de taşlanyp bilinjek önümleri berýärler.

3.jpg

Şeýle hem şäherde mugt dellekhananyň açylmagy we öýsüzler üçin üstlerinden suw akydynmaga niýetlenilen kabinalaryň gurnalmagy Maýanyň ýagşy işlerine degişlidir. Roždestwoda bolsa ol mätäçleri we ýeke-täk adamlary naharlamak üçin öz kafesini açdy.

Kent graflygy üçin Türkmenistandan bolan Maýa Amangeldiýewa görnükli şahsyýet boldy, Hern-Beý şäheriniň ýaşaýjylary bolsa onuň uly hem-de päk niýetli ýüregine guwanýarlar diýip, iňlis neşiri ýazýar.

ORIENT news

Foto: Mail Online

Şeýle hem okaň: