Türkmenistanyň awiafloty Merkezi Aziýadaky esasydyr – ynha bu näme üçin
04.03.2023 | 10:50 |Türkmen milli awiagatnadyjysy Turkmenistan airlines golaýda Ýewropanyň Aerobuslary öndürijisinden А300-200Р2F täze ýük uçaryny satyn aldy. Sargydyň çäklerinde şuňa meňzeş modifikasiýaly ýene-de bir uçar satyn almak meýilleşdirilýär. Mundan başga-da, nobatdaky ýük uçaryny amerikanyň Boing öndürijilerinden satyn alynmagyna garaşylýar. Şeýlelikde, ýurduň howa ýük floty günbatar öndürijilerinden 3 sany häzirki zaman howa gämileri bilen üsti ýetiriler, jemi öz düzüminde bolsa 11 sany ýük uçary bar, şol sanda 8 sany Il-76 TD.
Türkmenistanyň howa floty depginli giňelýär. Şunda esasy üpjün ediji bolup Amerikanyň aerokosmiki korporasiýasy Boing çykyş edýär, olaryň “üç ýediligi” tutuş milli awiapudagyň esasy hereketlendiriji güýji boldy. Boing 777 uçarlary Ýewropa ugry boýunça we Aziýa ýurtlaryna– Hytaýa, Tailanda, Malaýziýa we Ýaponiýa uçuşlary işjeň ýerine ýetirýärler. Bu uçuşlardan başga-da, bu uçarlar Türkiýä we Russiýa ugurlary boýunça hyzmat edýärler.
Häzirki günde, açyk çeşmeleriň maglumatlaryna görä, ýurduň umumy awiaflotynda 28 sany uçar bar. Olardan 9-sy – ýük daşaýan, 6 – hökümet we 16 uçar türkmen awia gatnadyjysynyň ulanmagynda içerki we halkara uçuşlar üçin ulanylýar. Türkmenistanda uçarlaryň bar bolan parkynyň çalt giňeldilmegi strategiki häsiýete eýedir, ýagny aýratyn ykdysady we üstaşyr bähbitleri özüne maksat edinýär. Türkmen awiakompaniýasynyň Aziýanyň iň howpsuz kompaniýalarynyň biridigini göz öňünde tutsak, onuň sebitleýin daşamalarynyň lokomotiwi bolmaga ähli mümkinçiligi bardyr.
Deňeşdirmek üçin: Air Astana öz düzüminde 29 sany howa gämisi bar, ol, esasan, Ýakyn Gündogaryň ýurtlaryna gönükdirilýär, aýratynam Russiýa we Gazagystanyň öz içindäki şäherlere. Ýöne soňky wagtda gazak awiakompaniýasy Günorta-Aziýa ugruna ýykgyn edýär, hususan-da, gürrüň Hindistanyň Delisi hakynda barýar. Koronawrius pandemiýasyndan öň türkmen awiagatnadyjysy birnäçe ýyllaryň dowamynda Hindistanyň paýtagtyna we Amritsara uçuşlary amala aşyrýardy. Bu Türkmenistana Hindistany Ýewropa ýurtlary bilen birleşdirýän has amatly howa köprüsi bolmaga kömek edýärdi. Adaty hindi raýatlary Aşgabatda düşläp, Londona, Birmingeme, şeýle hem Germaniýanyň şäherlerine uçýardylar. Türkmenistanyň köp wektorly ugurlara strategiýasy ýurduň Merkezi Aziýadaky iri yklym içindäki gatnadyjy bolmagyna ýardam edýär.
Bu bolup biler. Ýöne Merkezi Aziýada başga bir awiakompaniýa hem bar, ol sebitdäki iň ulusydyr — Uzbekistan Airways, onuň 36-a golaý uçary bar (olardan 2-si saklanýar we ýene 5-si özbek hökümetine degişlidir). Onuň işleri nähili gidýär? Gürrüňsiz, Özbegistanyň sebitdäki iň uly uçar parky we şahalanan ugur tory bardyr. Ýöne eger ýurduň ilatynyň 35 mln-a golaýdygyny göz öňünde tutsak, onda awiagatnawlar başarnygy boýunça Türkmenistanyň uçar bilen has gowy üpjün edilen ýurt hasaplanýandygy ýüze çykýar.
Ýöne uçarlaryň mukdary bir iş, olaryň hili nähili? Türkmenistanyň işjeň awiaparkynyň aglabasy amerikan önümçiliginden bolup, Boingleriň dürli modifikasiýalary bilen doldurylandyr, olardan has geljegi ulusy we döwrebaby 777-200LR hasaplanýar; olardan 3-si bar. Özbegistanda uçarlaryň kysymy deň diýen ýaly paýlanandyr — 19 Aerobus 17 Boinge garşy. Ýöne Özbegistanda Ýewropada öndürilen uçarlara tapawut goýýarlar: bu barada özbek awiakompaniýasynyň sargytlary aýdýar — A320 we 320neo modeli 17 Aerobus basym gelmeli. Gazagystanyňkylar aglabasy Ýewropada öndürilen uçarlar we diňe 3 sany Boingi bar.
Şu maglumatlardan ugur alsak, «amerikan» we «ýewropa» howa gämileriniň arasyndaky tapawut barada sorag ýüze çykýar we näme üçin Türkmenistan hut amerikan Boinglerine tapawut goýýar. Haýsysy gowy? — Boingmi ýa-da Airbus, kesgitli bir jogap ýokdur, sebäbi bu iki kompaniýa howa gämilerini ulanmakda dürli çemeleşmeleri ulanýarlar. Ýöne USA Today neşiriniň hünär uçarmanlardan geçiren pikir soraşmasy bu öndürijileriň uçarlarynyň güýçli we gowşak taraplaryny ýüze çykardy, ol Türkmenistanyň näme üçin amerikan uçarlaryny saýlaýandygyny düşündirýär.
Boingler ýaly Aerobuslar hem ýangyjy deň harçlaýarlar, ýöne olaryň birinjisi tizligi bilen tapawutlanýar we degişlilikde, az wagtyň içinde uçuşlary amala aşyryp, uzak aralyklary geçip bilýärler. Şeýle hem Boingleriň modelleri çylşyrymly howa şertleri we şemally howa menzillerinden uçuş edip bilýärler, bu bolsa açyk ýerdäki jöwzaly türkmen yssysyndan goranmak üçin möhümdir. Ondan başga-da, Boingleriň nawigasiýasy we enjamlary has ýönekeýdir, bu uçarmanlaryň koordinasiýasyny ýeňilleşdirýär.
Boingde Aerobuslara garanda orunlaryň sany azdyr. Türkmen howa gatnadyjysy tizlige we uzaklyga ähmiýet berýär, gazaklaryňky we özbekleriňki bolsa – geçirjiligine we ýolagçy dolanyşygyna ähmiýet berýär. Bu Gazagystanyň we Özbegistanyň ilatynyň sanynyň köplügi bilen baglanyşyklydyr, beýleki tarapdan Türkmenistanyň esasy sebitleýin ulag düwüni bolmak niýetini berkidýär. Aerobusy öndürijiler salonyň içini has gowy edipdirler: oturylýan ýerler ýolagçylaryň bellemegine görä, Boingleriňkiden gowy. Şeýle hem Aerobuslaryň ýük göterijiligi ýokarydyr. Şol sebäpden çemeli, Türkmenistanyň ýük daşaýan uçar parkyny Ýewropada öndürilen uçarlar bilen döwrebaplaşdyrmak isleýärler. Bahalar barada aýdylanda, günbatar kysymlaryň ikisi-de bahasy boýunça bir-birinden kem galanok: standart modeller B737 we A320 bahalary deň diýen ýalydyr - $110 milliondan biraz köpräk.
Elbetde, pandemiýa dünýä awiasenagatyna güýçli zarba urdy, ýöne araçäkler kem-kemden açylýarlar, şonuň bilen birlikde howa guşlarynyň hereketlendirijileri hem otlanyp başlaýarlar. Bu bütindünýä awiasenagatynyň gaýtadan dikeljekdiginiň we pandemiýadan öňki döwrüň derejesine ýetjekdiginiň ynamly kepilidir. «Financial Times» munuň eýýäm şu ýylyň dowamynda boljakdygyny ýazýar.
Arslan MÄMMEDOW