Talyp gelinleriň durmuşy: hem göreldeli talyp, hem eje
08.03.2023 | 14:34 |Tebigatyň janlanyp, gülzarlyga beslenýän ajaýyp bahar paslynyň ilkinji günlerinde bellenilýän Halkara zenanlar güni Türkmenistanda jemgyýetde aýratyn orna eýe bolan enelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň waspy belentden ýetirilýär, KHBS-de telekeçi, türgen zenanlaryň, sungat işgärleri bolan gelin-gyzlaryň üstünlikleri barada gürrüň berilýär. Ýöne meşhurlyga ýeten zenanlaryň aňyrsynda mugallym, lukman, eneke, aşpez, we ş.m. birnäçe kärlerde zähmet çekýän gelin-gyzlaryň müňlerçesi bar.
Daşyndan göräýmäge: olaryň durmuşy adaty, hiç bir üýtgeşikligi bilen tapawutlanmaýan ýaly. Ýöne, bu beýle däl. Biziň şu günki gahrymanymyz – üç çagaly ene, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby Selbi Bäşimowa. Türkmen zenanynyň aýratyn derejeli basgançagyny eýeleýän talyp gelne söz berýäs:
― Men 33 ýaşymda, Diller institutynyň ikinji ýyl talyby. Men adaty däl talyp, sebäbi topardaşlarymyň köpüsinden diňe ýaş boýunça däl, eýsem maşgala we iş tejribäm bilen hem tapawutlanýaryn. Ýöne men ýeke däl. Hakykatda, talyp gelinleriň sany köp. Biz okuwymyza-da, öý-içerimize-de ýetişýäris.
Meniň üç çagam bar we men ýokary okuw mekdebine okuwa girmek, täze hünäri ele almak barada oýlanyşykly karara geldim. Dürli wezipelerde we dürli ugurlarda işledim, meniň üçin ýokary bilimiň wajyp ähmiýeti ýokdy. Ýöne soň, öz pikirimi üýtgetdim: hünär derejesiniň meniň geljegim üçin, ilkinji nobatda, çagalarymyň geljegi üçin örän möhümdigine düşündim.
Enelik köp zada bolan garaýşyňy düýpgöter üýtgedýär. Mugallymçylyk kärini ýöne ýerden saýlamadym. Meniň häzirki durmuşym – öwrenmek we kämilleşmek. Gowy ene, göreldeli öý hojalykçy, wepaly dost bolmaga çalyşýan... Öý işlerimi çagalarym bilen bilelikde edýän, bile gezelenç edýäs we men çagalaryma günümiň nähili geçendigi barada gürrüň berýän. Heniz bilmeli-öwrenmeli zatlarym kän, ýöne esasy zat – men wyždanyma görä ýaşaýaryn. Köp adam zenanlara näme gerek diýen sorag bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Aslynda, zenanlar öz zähmetiniň we tagallalarynyň netijeleriniň biderek däldigine düşünmeli, olar öz çekýän zähmetine, edýän işlerine hormat goýulýandygyny we uly höwes bilen kabul edilýändigini bilmeli. Geçen ýarymýyllyk boýunça ähli dersleri gowy netije bilen jemledim, ýaňy-ýakynda bolsa okuwlarynda ýetişigi pes bolan topardaşlaryma kömek edip başladym. Mugallymçylyk endiklerini “taraşlaýan” diýseňem boljak.
Talyp gelinler ýaşlaryň aýratyn toparydyr. Men olary hakyky edenli zenanlar hasaplaýaryn, aýratyn-da, ýaş gelinlere kynrak bolýar. Olar hem täze baran maşgala ojaklaryndaky borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmeli, hem diňe bir okuwlaryny ünsden düşürmezlige däl, eýsem ylma öz mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşmaly. Birbada hemmesine ýetişjek bolup, ýadanyňy duýman galýaň. Ýöne soňra çagajyklaň gözlerine gözüň düşende, seniň yhlasyň, zähmetiň şolar üçin wajypdygyna düşünýäň: olaryň durmuşy diňe bize, ene-atalara bagly.
Hiç bir ene ösüp gelýän ýaş nesil üçin jogapkärçiligi başga bir ene-atanyň üstüne ýüklemez, bu maşgala diýilýän bir bitewilikdäki iki adamyň borjy. Biziň gadyr-gymmatymyz hut şunda jemlenýär: geljekde üstümize saýa boljak bag nahallaryna mynasyp ideg etmek.
Kynmy? Ýok, kyn däl, ene bolmakdan ýadama bolmaz. Bagtly durmuşdan ýadap bolmaz ahbeti?!
Arslan MAMEDOW