Iň täze habarlar

Notalar, ülňüler, taýýarlanyş tärleri: bir kämilligiň hekaýasy

20.03.2023 | 18:10 |
 Notalar, ülňüler, taýýarlanyş tärleri: bir kämilligiň hekaýasy

Düýbünden dürli «operalardan» birnäçe ajaýyp işi birden edip bolarmy? Mysal üçin, aýdym-saz öwretmek, aşpez derejesinde dürli aşhanalaryň tagamlaryny taýýarlamak, ýokary derejeli tikinçi ýaly köýnek tikmek we şol bir wagtyň özünde üç ogluň super ejesi bolmak.

01-1.jpg

Onuň ady Swetlana Kim we ol uzak wagtlap, özüniň aýratyn üstünlikleriniň we gazananlarynyň ýokdugyny, soýuzyň mekdebinden geçen her bir ortaça adamyň onuň edip bilýän zadyny başarýandygyny aýdyp, ol barada Orient-iň okyjylaryna gürrüň bermegime garşy çykdy. SSSR-de bilim barada ylalaşýaryn - köpugurlylyk kadadan çykma dälde düzgündi we Sowet Soýuzynda önüp-ösenleriň hemmesi diýen ýaly köptaraplydy, hatda uniwersaldy diýsegem ýalňyşmarys.

2-3.jpg

Ýöne senetiňi kämillige ýetirmek eýýäm adamyň öz saýlamasy ýa-da has dogrusy, onuň häsiýetiň güýji bolup, kämillik hem Swetlanadaky ýaly durmuş ýörelgesine öwrülýär.

3-1.jpg

Ol 35 ýyldan gowrak wagt bäri aýdym-saz öwredýär. Bu onuň esasy we halaýan işi. Ençeme ýyllap, özüniň uçyrym bolan, Marynyň aýdym-saz uçilişesinde mugallym bolup işledi. Indi bolsa Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň kamera ansambly bölüminde mugallym. Ýeri gelende aýtsak, TMK hem onuň üçin «öýi ýalyy». Ol talyplyk ýyllaryny şu ýerde geçirdi.

5-1.jpg

Ol barada «Hudaý tarapyn mugallym» diýsegem ýalňyşmarys. Sebabi ol orta ukyplydan gowy sazanda «döredip», zehinli çagalardan bolsa, abraýly ýaryşlaryň laureatlaryny we ýeňijilerini çykaryp bilýär. Işine bar güýji bilen ýapyşýar we jany bilen edýär. Talyplaryna bolsa öz deňduşyna ýaly garaýar. Belki, şonuň üçinem olaryň onuň bilen aýratyn gatnaşygy bardyr. Olaryň köpüsi onuň bilen dostlaşdy we hemişe ýanynda, beýlekiler daşary ýurda gidensoňam aragatnaşyk saklaýarlar. Üç onýyllykdan gowrak mugallymçylyk etmek bilen, takmynan şonçada uçurymy «erkin ýüzüşe» iberdi. Häzirki wagtda olar ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki aýdym-saz mekdeplerinde, uçilişelerinde we konserwatoriýada üstünlikli işleýärler.

13-1.jpg

Dogabitdi kämilligi Swetlananyň aşpezlik ukybyny hem «timarlady». Esasanam ol Koreýanyň milli tagamlaryna ökde. Onuň sözlerine görä, ol tagam taýýarlamaga has giç başlady we nahar bişirmek ussatlygyny synag we ýalňyşlyk bilen özleşdirdi. Bu gün bolsa oňa «Kimowyň» duzlanan önümlerini bir gezek bolsa-da dadyp görenleriň barjak, awtorlyk menýusy bolan restoran açmagy maslahat berýärler.

10-1.jpg

− Eger eşidiş ukyby bar bolsa, guralda saz saýlamak mesele däl. Nahar bişirmekde-de edil şonuň ýaly. Lezzetli tagamy dadyp görenimden soň, men taýýarlanyş tärini alýaryn we bişirip başlaýaryn. Göwnümdäki tagamy ilkinji gezek gazanyp bilemok, ýöne garyndylar bilen dürli synaglar geçirenimden soň, isleýän netijämi alýaryn, - diýip Swetlana Kim gürrüň berýär.

6-1.jpg

− Ejemiň elleri gaty tagamlydy we elmydama «çagalygyň tagamyny» gaýtalamak isleýärdim. Sonda men ähli inçelikleri bilen koreý aşhanasyny özleşdirip başladym. Ýadyma düşenine görä men tagamlary ekemiň ajaýyplygynyň nusgasyna ýetirdim we olary taýýarlap dostlaryma, kärdeşlerime we talyplaryma hödür edýärin, - diýip Swetlana Iwanowna gülýär.

shityo.jpg

Ýöne tersine, tikin bilen çagalykdan meşgullanýar. Bu mekdepdäki zähmet sapaklarynda, Swetlana özi üçin aýratyn eşikleri biçmäge, tikmäge we döretmäge synanyşyp başlanda ýüze çykypdy. Gyzynyň edýän tagallalaryny gören ene-atasy oňa şol döwürler üçin iň gowy hasaplanýan, häzirki güne çenli eýesine hyzmat edýän Veritas tikin maşynyny sowgat berdiler. Ol sargyt almaýar. Emma özi üçin köýnek tikende, islenýän hile getirýänçä birnäçe sagatlap işläp bilýär.

14-1.jpg

Swetlana Wasiliýewna näçe kiçigöwünlik etse-de, onuň gazanan üstünligi bar. Ol onuň akylly, terbiýeli we hoşniýetli adamlar edip ýetişdiren üç ogly. Olaryň dürli ýurtlarda we şäherlerde ýaşaýandyklaryna garamazdan, ejelerini gözegçiliksiz goýmaýarlar. Olaryň takatsyz aladasy we irizmeýän ynjalyksyzlygyndan Swetlana özüni söýgüli ene-ata, ejiz aýal we başga-da näzik aýal ýaly duýýar. Bu bolsa, onuň terbiýe işindäki kämillik derejesiniň gaty gowy «miweleri» berendigini aňladýar. Munuň özi eýsem zenan bagty dälmi.

Gulýa Geldyýeva

Foto: Swetlana Kimyň şahsy arhiwdan

Şeýle hem okaň: