Iň täze habarlar

Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryna mart aýynda girizilen düzedişlere syn

25.03.2023 | 17:11 |
 Türkmenistanyň kanunçylyk namalaryna mart aýynda girizilen düzedişlere syn

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek barada birnäçe kanunlara gol çekdi. Kanunlaryň tekstleri resmi türkmen metbugatynda çap edilipdi. ORIENT düzedişleriň gysgaça synyny getirýär.

«Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň kanuny

Bu kanun döwlet ähmiýetli şäher hökmünde Ahal welaýatynyň täze merkeziniň aýratyn derejesini kesgitleýär. Bu dereje Türkmenistanyň Konstitusiýasyna esaslanýar we täze kanun bilen kesgitlenýär.

Indi Arkadag şäheriniň welaýat hukugyna eýedigini bellemelidiris. Ozal şunuň ýaly hukuga diňe ýurduň paýtagty — Aşgabat eýedi. Beýle diýildigi şäheriň durmuş-ykdysady ösüşiň maksatnamalaryny özbaşdak işläp düzüp we býujetiň taslamalaryny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň garamagyna hödürläp biljekdigini aňladýar.

Mundan başga-da, şäheriň häkimi welaýat häkimine däl-de, şahsy Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berýär. Şäheriň etraplarynyň baştutanlary hem Prezident tarapyndan bellenýär we şäher häkimine hasabat berýärler.

Ähli pudaklaýyn edaralar, müdirlikler we guramalar degişli ministrliklere göni tabynlykda diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylmagy bilen döredilýär. Bu şuňa meňzeş derejä eýe bolan ýurtdaky ilkinji şäherdir. Bu syýasy ähmiýetden we ykdysady mümkinçilikden onuň wajypdygyny nygtaýar.

Türkmenistanyň Administratiw kodeksine üýtgetmeler girizmek

Türkmenistanyň administratiw hukuk bozulmalar hakyndaky Kodeksine girizilen üýtgetmeler hasyl almak maksady bilen ýerleri bikanun eýelemäge jezany agyrlaşdyrmagy göz öňünde tutýar. Düzedişlere laýyklykda, indi binýatlaýyn möçberiň 300 esse hasabyndaky möçberde ýetirilen zyýan uly diýlip hasaplanýar.

Şeýle hem üýtgetmeler özgäniň emlägini bilkastlaýyn ýok etmeklik ýa-da zeper ýetirmeklik baradaky madda hem degişli boldy. Indi kem-käsleýin zyýan diýlip, binýatlaýyn möçberiň otuz essesinden geçmeýän möçbere aýdylýar. Ozal bu çäk binýatlaýyn möçberiňon bäş esse möçberinde kesgitlenipdi.

Ýatladýarys, Türkmenistanda binýatlaýyn möçber 100 manada deňdir.

«Ýaşaýyş jaýlarynyň we gozgalmaýan emlägiň beýleki desgalarynyň ülüşleýin gurluşygy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler

Bu kanuna girizilen üýtgetmeleriň çäklerinde düzediş girizilýär, onda ýerli ýerine ýetiriji hakimiýet edaralarynyň jaý guruja ýaşaýyş jaýynyň we/ýa-da beýleki gozgalmaýan desganyň gurluşygy üçin rugsady diňe Türkmenistanyň Ministrler Kabineti bilen ylalaşylandan soňra berip bilýändigi aýdylýar. Diňe hususy jaýlar kadadan çykma degişlidir.

Şol bir wagtda ýerine ýetiriji häkimiýetiň ygtyýarlyklary ep-esli giňelýär. Meselem, köp öýli ýaşaýyş jaýy gurlandan soňra, ony işletjek edaranyň garamagyndaky guramany olar kesgitleýärler.

Bulardan başga-da, indi ýerli häkimiýet edaralary standart şertnamanyň bahasy, ulanylýan materiallaryň ýeke-täk nyrhlary, enjamyň we gurluşyk-gurnama işleriniň nyrhlary bilen baglanyşykly goşundylary döwlet edaralary bilen ylalaşarlar.

«Işjeňligiň käbir görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda» Türkmenistanyň kanunyna üýtgetmeler

Bu kanuna girizilen üýtgetmelere laýyklykda indi Türkmenistanda işiň täze görnüşini — senagat gurluşyk materiallaryny, önümlerini we konstruksiýalaryny (gurluşlaryny) öndürmekligi ygtyýarlylandyrarlar.

Ozal ORIENT öz işiňi Türkmenistanda nähili ygtyýarlylandyrmak barada gollanmasy bilen paýlaşypdy.

«Şäher gurluşyk işi hakynda» Türkmenistanyň kanunyna üýtgetmeler

Bu kanunyň tekstine ýönekeýleşdirilen taslama kesgitlemesi girizilýär. Ýönekeýleşdirilen taslama – bu bina üçin bölünip berlen ýer uçastogynyň baş meýilnamasyndan, fundamentden we ýaşaýyş jaýynyň gatlaryndan we fasadyndan ybarat taslamadyr.

Şeýle hem indi şäher gurluşygy babatynda ygtyýarlylandyrylan edaralar desgalaryň gurluşygy üçin berilýän rugsatnamanyň hasaba alynmagyny amala aşyrarlar. Ozal ony ýerli ýerine ýetiriji edaralar edýärdiler.

Indiki düzediş indi desganyň gurluşygy üçin rugsadyň ýerli ýerine ýetiriji edara tarapyndan ol rugsadyň hasaba almaga ygtyýarly edara tarapyndan hasaba alnandan soňra berilýändigini aýdýar. Ýöne bu düzediş hususy ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna degişli däldir.

«Harytlary beýan etmegiň we kodlamagyň Sazlaşdyrylan ulgamy baradaky Halkara konwensiýasyna birikmek hakynda»Türkmenistanyň kanuny

Türkmenistanyň harytlary beýan etmek we kodlamak baradaky Brýussel konwensiýasyna birikmegi has anyk statistikany ýüze çykarmak üçin öndürilýän önümleiň klaslaşdyrylmagyny standartlaşdyrmak arkaly söwda düzgünlerini ep-esli ýönekeýleşdirmäge kömek eder.

Ozal ORIENT SU-ň artykmaçlyklary barada ýazypdy.

ORIENT

Foto: redaksiýanyň arhiwinden

Şeýle hem okaň: