Özbegistanyň Konstitusiýasyny 65% täzelärler: goňşy respublikada näme üýtgär?
16.03.2023 | 00:19 |Özbegistanyň perlamenti konstitusion özgetme geçirmegi meýilleşdirýär, ol Özbegistanyň taryhynda iň uly özgertme bolup biler. Ýurduň esasy kanunyna 27 sany täze madda girizerler, şeýlelikde olaryň umumy sany 155 ýeter, bar bolan kadalara ýene-de 159-sygoşular, şeýlelikde olaryň jemi sany 434 ýeter.
Jemi Özbegistanyň Oliý Mejlisine konstitusion özgertme boýunça 220 teklip gelip gowuşdy. Şunlukda, deputatlaryň bellemeklerine görä, her dördünji teklip täze konstitusiýanyň taslamasyna goşular.
ORIENT goňşy respublika täsir edip biljek üýtgetmeler boýunça esasy tezisleri hödürleýär:
1) Özbegistan sosial döwlet bolar: ýönekeý raýatlaryň durmuşynyň jemgyýetçilik ugruna täsir edýän kadalaryň sany üç esse artar, öňki bar bolan «döwlet—jemgyýet—adam» ýörelgesini «adam—jemgyýet—döwlet» bilen çalşarlar. Şeýlelikde, bu «üçlükde»jemgyýet esasy baglaýjy düzüm bolup galar, ýöne indi adam we onuň islegleri birinji orunda tutular.
2) kanun çykaryjy organdaky senatorlaryň sanyny 100 bolanlygyndan 65 çenli kemeltmek meýilleşdirilýär, prezidentiň ygtyýarlyk möhletini bolsa 5 ýyldan 7 ýyla çenli uzaltmak meýilleşdirýärler. Has hemmetaraplaýyn wekilçilige tapawut goýlar.
3) Dolandyryşyň baştutanlarynyň ygtyýarlyklaryny azaltmagyň hasabyna ýerli geňeşleriň deputatlarynyň ygtyýarlyklaryny artdyrarlar, bu bolsa ýerlerde halk geňeşleriniň netijeliligini ýokarlandyrar we karar kabul etmek işinde olaryň ýagdaýyny güýçlendirer.
4) Indi pensiýalaryň, töleg pullarynyň we beýleki durmuşy tölegleriň möçberi iň az sarp edijilik çykdajylaryndan kem bolmaz. KHBS-ri jemgyýetçiligiň guwanjy bolar — olaryň işlerindeazatlyk kepillendirilýär, olaryň işjeňligine päsgel bermek ýa-da goşulmaklyk kanun tarapyndan jezalandyrylar.
5) Bir adam ýokary derejedäki döwlet wezipesine iki möhletden köp saýlanyp bilinmez. Şunuň ýaly karar prezidente, Kanun çykaryjy palatanyň spikerine, Senatyň başlygyna, ýerli häkimiýet edaralarynyň başlyklaryna, Ýokary kazyýetiň we kazylaryň Ýokary geňeşiniň baştutanyna we baştutanynyň orunbasaryna, baş prokurora we Merkezi saýlaw toparynyň baştutanyna degişlidir.
6) Ýurtda raýat jemgyýetiniň döredilmegi we ösdürilmegi döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolar. Şeýlelikde, täzelenen konstitusiýa döwlet bilen jemgyýetiň arasynda berk aragatnaşygyň ýola goýulmagy arkaly aýdyňlygy we kanunylygy döretmekligi göz öňünde tutýar. Mundan başga-da, bu maksatlaryň amala aşmagy üçin kepillikler kesgitlenýär.
7) Hukuk taraplarynyň işiniň netijesinde dörän ekologiki meseleler boýunça jedellerde raýatlar artykmaçlyga eýe bolarlar.
Konstitusiýanyň täze redaksiýasynyň taslamasy baradaky jedeller entägem ýatyşanok: mysal üçin raýatlaryň käbir toparlary Özbegistanyň bitarap döwlet diýlip yglan edilmegi ugrunda çykyş edýärler, beýlekileri bolsa ýurtdaky ýokary döwlet wezipeleri üçin ýaş çäginiň girizilmegi üçin çykyş edýärler.
Nämede bolsa, esasy kanunyň resminamasynyň özi bilermenleriň gatnaşmagynda 12 gezek maddalar boýunça okaldy, dürli komitetler bolsa raýatlar bilen 40-a golaý çekeleşik we diňleme gurnadylar. Täzelenen konstitusiýa — häzirki prezident Şawkat Mirziýoýewiň iň iri içeri syýasat taslamalarynyň biridir.
Täze konstitusiýany kabul etmek meselesi boýunça referendum şu ýylyň 30-njy aprelinde bolar. Respublikanyň esasy kanuny 1992-nji ýylda kabul edilipdi. Döwlet garaşsyzlygynyň ýyllary içinde oňa 15 gezek goşmaçalar we üýtgetmeler girizildi.
ORIENT