Özgertmeler Özbegistany güýçlendirer, Merkezi Aziýanyň bolsa has durnuklaşmagyna getirer.
12.04.2023 | 20:26 |Her bir Merkezi Aziýa döwletiniň, umuman sebitiň durnukly ösüşi möhüm meseleleri çözmek boýunça gönüden-göni bilelikdäki tagallalara baglydyr, olaryň arasynda sebitde we onuň çäklerinden daşarda ýurtlaryň birleşmek, ýakynlaşmak meselesi aýratyn orny eýeleýär. Bäş ýurduň haýsydyr birindäki azda-kände ähmiýeti bolan wakalaryň hemmesi tutuş Merkezi Aziýa täsir edýär.
30-njy aprelde Özbegistanda täze Konstitusiýa boýunça referendum geçiriler we bu waka ýurduň syýasatynda, ykdysadyýetinde, döwletiň we jemgyýetiň durmuşynda yz galdyrmak bilen, sebitdäki goňşy ýurtlara-da öz täsirini ýetirer.
Merkezi Aziýanyň Halkara institutynyň bölüm müdiri Şerzod Faýziýewiň "Prezident Şawkat Mirziýoýewiň özgertmeleri Özbegistany güýçlendirer we Merkezi Aziýany has durnuklaşdyrar" atly makalasyny ORIENT saýtynyň okyjylarynyň dykgatyna ýetirýäris:
"Özbegistanyň Prezidentiniň 2022-nji ýylyň dekabrynda Mejlise iberen ýüzlenmesi geçen ýylyň esasy syýasy wakalarynyň birine öwrüldi, bu diňe bir 2023-nji ýylda hökümetiň ähli pudaklarynyň işiniň iň möhüm meselelerini we esasy ugurlaryny beýan etmän, Özbegistany mundan beýläk-de özgertmek we döwrebaplaşdyrmak üçin esasy ileri tutulýan ugurlary hem kesgitledi.
Köpmilletli halkyň erkin, rahat we abadan durmuşy üpjün edilýän, esasy baş gymmatlygy adam, onuň mertebesi we abraýy, hukuklary we azatlyklary bolan Täze Özbegistany gurmak mowzugy Şawkat Mirziýoýewiň çykyşynda esasy orny eýeledi.
Döwlet baştutanynyň ileri tutýan ugurlary hyjuwdan doly. Soňky alty ýylda gazanylan uly öňegidişlige garamazdan, onuň öňde goýan wezipeleri diňe jemgyýetiň, raýatlarymyzyň işjeň gatnaşmagy we elbetde, ähli pudaklaryň we hökümet derejeleriniň yhlasly we netijeli zähmeti bilen mümkindir.
Öňde goýlan maksatlary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurduň öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin şert döredýän syýasy ulgamyň täze modeline geçmeginiň zerurlygy bellendi. Bu nukdaýnazardan Şawkat Mirziýoýew jemgyýetiň häzirki zaman ösüşine laýyk gelmeli Baş Kanunyň kämilleşdirilmegini ileri tutulýan meseleleriň biri hökmünde kesgitledi:
“Ýurduň ösüşini täze basgançaga çykarmak üçin dolandyryş ulgamyny hem, kanunçylygy-da we jemgyýetimizi hem üýtgetmeli. Eger biz muny etmesek, görnetin problemalary görmezlige salsak, onda durmuşdan we ösüşden yza galarys. Biz adamyň bähbidiniň üpjün edilmegine, onuň abraýyna we mertebesine iň ýokary gymmatlyk hökmünde hormat goýulmagyna gönükdirilen häzirki zaman Konstitusiýasyny işläp taýýarlamaly. Täze Özbegistany gurmak wezipelerine doly laýyk gelýän Esasy Kanun geljekki nesillere hyzmat eder”.
Elbetde, 2022-2026-njy ýyllar üçin Özbegistany ösdürmegiň Täze Strategiýasyny durmuşa geçirmek we halka hakykatdan-da hormat goýýan adalatly döwleti gurmak üçin häkimiýetiň işini gowulandyrmaga gönükdirilen konstitusion reformalar zerur. Bu ýagdaýda Konstitusiýanyň jemgyýetiň häzirki ýaddaýy bilen sazlaşygy ileri tutulýan ugur hasaplandy.
Baş Kanunyň kämilleşdirilmegi bilen baglanyşykly köpçülikleýin ara alyp maslahatlaşmalar, çekişmeler hökümetiň başlangyjy bilen ýola goýlup, bu çäreleriň çäklerinde Konstitusiýanyň üýtgedilmegi boýunça jemi 220,000 teklip kabul edildi. Resminamanyň taslamasyna girizilen üýtgetmeler Konstitusiýany düýpgöter özgertmek üçin zerur we ýetmezçilik eden bölekleri öz içine aldy we ol iş ýüzünde täze durmuş hakykatlaryna gabat bolmak bilen, täze wezipeleri çözmäge gönükdirildi.
Raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň üstüni ýetirmäge we açyk görkezmäge, höküm we ygtyýarlyk ulgamyny deňagramlaşdyrmaga, raýatyň we umuman jemgyýetiň doly ösmegi üçin şertleri gowulandyrmaga gönükdirilen köpsanly üýtgetmeler bilen birlikde (Konstitusiýanyň 65 göteriminden gowragy), Özbegistanyň daşary syýasatynyň ýörelgelerini we çemeleşmelerini formirleýän IV bap hem düýpli üýtgetmä sezewar edildi.
Konstitusiýanyň redaktirlenen görnüşine “Özbegistanyň döwletler we halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen parahatsöýüjilikli daşary syýasaty alyp barýandygy” (2023-nji ýylyň 15-nji marty, №52-53 “Narodnoýe Slowo” gazetine serediň) hakynda tezis goşulandyr.
Bu möhüm we şol bir wagtyň özünde hökmany zerurlygyň esasy kanuna girizilmegi tötänleýin däldir we köp babatda öňdebaryjy döwletleriň arasynda barha ýaýbaňlanýan ynamsyzlyk, halkara syýasaty harbylaşdyrma we gatnaşyklary gurmakda aç-açan güýç güjeňleme bilen häsiýetlendirilýän dünýäniň häzirki ýagdaýynyň beýanydyr.
Şu ýerde Şawkat Mirziýoýewiň geçen ýyl Samarkantda geçirilen ŞHG sammitinde eden çykyşyndan jümle getirmek ýerliklidir. Şonda döwlet baştutany “adamzadyň bir eýýamyň tamamlanyp, öňünden häsiýetlendirip bolmajak näbelli bir eýýamyň başlanýan taryhy geçiş döwrüni başdan geçirýändigini” belledi.
Häzirki emele gelýän kyn şertlerde sazlaşykly ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklary we şol bir wagtyň özünde özara baglanyşygy has-da berkitmäge gönükdirilen uzakmöhletleýin meýilnamalary we taslamalary bilen birleşen sebit jemgyýetleriniň orny juda derwaýysdyr.
Bu nukdaýnazardan Merkezi Aziýa sebitini aýratyn bellemelidiris, bu ýerde soňky ýyllarda bäş ýurduň ählisiniň - Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň tagallalary netijesinde durnuklylyga, jebislige we halkara hukuklylyga ýetilip, sebit çalt özgerýär.
Şawkat Mirziýoýewiň 2016-njy ýylda prezident saýlanmagyndan soň resmileşdirilen Daşkentiň täze daşary syýasat ugry, şübhesiz, Merkezi Aziýada soňky ýyllarda hyzmatdaşlygy ösdürmek işine itergi beren aýgytly faktor boldy.
Özbegistanyň baştutany parlamente eden ilkinji ýüzlenmesinde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyny ilkinji orunda goýup, ileri tutulýan ugurlaryň ierarhiýasyny görkezdi. Bu çemeleşme 2017-2021-nji ýyllar üçin Özbegistanyň Hereket Strategiýasynda işlenip düzüldi.
Bu resminamada Daşkentiň iň ýakyn goňşularyna degişlilikde açyk we konstruktiw syýasaty ýöretmek, sebit meselelerini deňhukuklylyk, ikirapaplaýyn özara bähbitlere eýermek we esasly ylalaşyk gözlemek esasynda çözmek, sebit merkezinde ýerleşýän ýurt hökmünde Özbegistanyň daşynda dostluk we abadançylyk, howpsuzlyk we durnuklylyk guşagyny döretmek maksatlary beýan edildi.
Daşkentiň daşary syýasatynda bolup geçen üýtgeşmeler Merkezi Aziýa sebitinde sagat syýasy howanyň emele gelmegine şert döretdi we döwletara gatnaşyklarda bolşy ýaly, köptaraplaýyn gatnaşyk formatlarynda yzygiderli we şol bir wagtyň özünde düýpli özgerişlere sebäp boldy.
Özara ynanyşmak we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan täze syýasatyň durmuşa geçirilmegi köpsanly köne meselelerde öňe gidişligiň gazanylmagyna goşant goşdy. Bu köp ýyllaryň dowamynda gapma-garşylykly mesele bolup, sebit ýurtlarynyň ösüşi üçin zerur taslamalara we başlangyçlara päsgel beren wawaly meseleleriň köpüsiniň aradan aýrylmagynyň gazanylmagyny üpjün etdi.
Soňky alty ýylda Özbegistanyň Gazagystan, Gyrgyzystan we Täjigistan bilen döwlet serhetleriniň kanuny hasaba alynmagynyň tapgyrlaýyn tamamlanmagy üçin şertler döredildi, özbek-täjik we özbek-gyrgyz serhet nokatlarynda raýatlaryň barlag nokatlary gaýtadan dikeldildi, Täjigistan bilen wiza doly ýatyryldy, 90-njy ýyllaryň ortalarynda kesilen demir ýol, howa we gury ýer ulag arabaglanyşyklary gaýtadan ýola goýuldy. Haryt eksporty üçin geçelgeler açyldy.
Mundan başga-da, maýa goýum hyzmatdaşlygy işjeňleşdi, söwda, senagat, energetika, ulag, oba hojalygy we ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda möhüm hyzmatdaşlyk taslamalary durmuşa geçirilip başlandy. Söwda barada aýtsak, ol 2,5 esseden gowrak ýokarlandy. Bilelikdäki kärhanalaryň sany 312-den 1600-e çenli, ýagny 5 esse artdy.
Bularyň hemmesi sebiti bitewi söwda, maýa goýum, ulag-aragatnaşyk platformasyna öwürmek üçin şert döretdi. Awtoulag gurluşygy pudagyndan başlap, oba hojalygyna çenli ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda senagat hyzmatdaşlygy boýunça taslamalar durmuşa geçirilýär. Ýurtlaryň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklar barha giňelýär, medeni-gumanitar gatnaşyklar çuňlaşýar.
Häzirki wagtda durnukly Merkezi Aziýa eýýäm maýa goýum işjeňliginiň we ykdysady ösüşiň möhüm merkezleriniň birine öwrülýär. Bilermenleriň pikiriçe, sebitdäki ýurtlaryň jemi içerki önümi soňky bäş ýylda 20 göterim ýokarlandy we ABŞ-nyň 340 milliard dollaryndan geçdi.
Diňe Özbegistan barada aýdanymyzda, onuň sebitdäki ýurtlar bilen söwda dolanyşygy 7,4 milliard dollara çenli artdy. Şular ýaly hyzmatdaşlyk depgini goňşy ýurtlarda-da hasaba alynýar.
Döwletler tarapyndan sebitara meseleler boýunça ylalaşykly pozisiýalaryň yzygiderli işlenip düzülmegi we BMG, GDA, ŞHG, YHG, ECO we beýleki halkara platformalarda ýakyn utgaşyklygy Merkezi Aziýada bolup geçen umumy üýtgeşmeleriň netijesi boldy.
Bu özgerişligiň netijesinde soňky ýyllarda sebitdäki ýurtlar öňdebaryjy döwletler we güýç merkezleri bilen, ýagny Ýewropa Bileleşigi, Hindistan, Hytaý, Russiýa, ABŞ, Günorta Koreýa, Ýaponiýa, Pars aýlagynyň arap döwletleri bilen Merkezi Aziýa + gepleşik formatynda gatnaşyk gurmak meselesinde umumy çemeleşmäni işläp düzdüler.
Elbetde, bu işlerde Özbegistanyň roly möhüm ähmiýete eýe, munuň şübhesiz hakykatdygyny daşary ýurtly hünärmenleriň we bilermenleriň köpsanly bahalandyrmasy hem tassyklaýar. (Seret: "Merkezi we Günorta Aziýa: Sebitara baglanyşyk. Meseleler we mümkinçilikler" (2021-nji ýylyň 15-16-njy iýuly, Daşkent). Daşkent - 2021, Çykyşlar ýygyndysy).
Özbegistanyň Konstitusiýasyna parahatsöýüjilikli daşary syýasat tezisiniň berkidilmegi döwletiň diňe bir uly jogapkärçiligini we kämillik derejesini däl, eýsem ýurdy umumy taryhy, bitewi gymmatlyklary, medeniýeti we dini bilen birleşýän sebit boýunça goňşulary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegine düşünýändigini görkezýän düýpli üýtgeşme hökmünde garalmalydyr.
Hakykatdan-da, Özbegistan döwletiň içinde bolşy ýaly, Merkezi Aziýada-da ulgamlaýyn düýpli üýtgeşmeleriň dowam etdirilmeginde mätäçlik çekýär. Bu Konstitusiýa üýtgetmeler girizmek bilen çäklenmeýän, diňe şolardan başlaýan çözülmesi kyn mesele.
Anyk we esasly goýlan maksatlar we olaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi tutuş sebitiň durnukly ösüşinde möhüm ähmiýete eýedir. Goňşularymyz bilen arabaglanyşygyň çuňlaşdyrylmagy eýýäm alnyp barylýar we bu ugruň dowam etdirilmegi Özbegistany has-da güýçlendirer, Merkezi Aziýa sebitini bolsa has-da durnukly eder.
ORIENT news