Iň täze habarlar

Ýyldyzlaryň döreýän ýerinde: beýik medeniýetiň sahnasynyň aňyrsynda

13.02.2023 | 12:03 |
 Ýyldyzlaryň döreýän ýerinde: beýik medeniýetiň sahnasynyň aňyrsynda
 Ýyldyzlaryň döreýän ýerinde: beýik medeniýetiň sahnasynyň aňyrsynda
 Ýyldyzlaryň döreýän ýerinde: beýik medeniýetiň sahnasynyň aňyrsynda
 Ýyldyzlaryň döreýän ýerinde: beýik medeniýetiň sahnasynyň aňyrsynda
 Ýyldyzlaryň döreýän ýerinde: beýik medeniýetiň sahnasynyň aňyrsynda
 Ýyldyzlaryň döreýän ýerinde: beýik medeniýetiň sahnasynyň aňyrsynda

«Bu hiňňildik biziň ýaly çagalar üçin», — bu aýdymy tolgunmakdan sähel titreýän, ýöne şeýle owadan ýaşajyk sesi bilen Oksana Bagramowanyň we Alina Gostewoýyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik birleşmesiniň agzalarynyň biri ýerine ýetirdi, olaryň terbiýeleýän ýaşajyk aýdymçylary ýekşenbe güni agşam «Türkmenistan» kinokonsert zalynyň sahnasynda beslenip çykdylar.

Taýýarlanmadyk tomaşaçy näme bolup geçýändigine birbada düşünmez: ýaş we maksada okguly oglanlar we gyzlar tans edýärler we aýdym aýdýarlar, degişýärler we dürli ýaşdaky tomaşaçylardan doly zala gowy joşgun berýärler. Töwerekde ýaşlar we ulurak ýaşly adamlar bar — töwerekde ähli zat maşgala gurşawyny görkezýär.

Haçanda olaryň çykyşlaryna seredeniňde hökman şulary aýdasyň gelýär: «Muňa serediň! Olar nähili...», we şunda olaryň nähili zehinlidiklerine we parlakdyklaryna geň galaňok, eýsem olaryň geljegine geň galýarsyň — olar sahna öwrenişýärler, eýýäm tomaşaçynyň tankydy garaýyşyny duýýarlar, ýöne özleriniňkini alýarlar. Ýetginjek zehinleriň wokalyndan lezzet alyp, eýýäm hemmeler olara goşulyp hiňlenýärler.

Iki gyza, Oksana we Alina ýaş zehinleriň özlerini giň tomaşaçylar köpçüligine görkezip biljek meýdançany döretmek başartdy: bu ýerde olar gorkynyň ýüzüne batyrgaý bakýarlar we doguly çykyş edýärler. «Ýürekden ýürege» atly konsert dürli ýaşdaky dürli nesilleri meşhur hitleri bilen birleşdirdi, TikTok-daky tanslar we ýaşajyk oglanlaryň we gyzjagazlaryň ýerine ýetirmegindäki horeografiýa sungatynyň döwrebap ugurlaryndaky tanslar haýran galdyrman bilenok. Bu meýdança her dürli döredijilik gurnaklaryny we kollektiwlerini birleşdirdi. Konsert şeýle bir inklýuziw boldy welin, haýsydyr bir pursatda sahna 3-4 ýaşyndaky çagajyklar çykdylar we çagalaryň ýerine ýetirmegi üçin kyn bolan tansy edip görkezdiler.

«Örän tolgundyryjy boldy, soňky gezek men konsertde bir ýyl mundan öň çykyş edipdim. Guramaçylara ony ýokary derejede guramaga synanyşandyklary üçin minnetdarlyk bildirýärin. Gowy aýdýan oglanlary almak, hemmeleriň bilýän we halaýan aýdymlaryny saýlap almak. Käbir aýdymlary men aýdyp bilmedim, ýöne geljekde men olary aýdyp görkezerin. Zalyň goşulmagy örän ýarady», — diýip, konsertden soňra, Alex Kuv lakamly çykyş edýän sazy ýerine ýetirijileriň biri öz duýgularyny paýlaşdy.

Çagalar tans kollektiwiniň TET (Estrada tanslary teatry) ýolbaşçysy Ýelena Annamyradowa şeýle gürrüň berdi:

«Biz ýaş, biziň döredilenimize entäk bir ýylam bolanok. Bize martda bir ýyl bolýar. Bizde 3 ýaşdan we ondan uly örän zehinli körpeler bar... Bize hemme zat örän ýarady, biz tomaşaçylar zalyndaky ýagdaýdan hoşal, mähirli garşy aldylar. Biz Köpetdag stadionynda ýerleşýäris, sektor 12, körpeleri 3 ýaşdan başlap kabul edýäris».

Çäräniň gurnaýjysy Oksana Bagramowa bolsa şeýle gürrüň berdi:

«Biz döredijilik kollektiwi däl, biz ýaşlara özlerini görkezmäge mümkinçilik berýän işjeň oglanlar. Biz ýaş zehinleri ýygnaýarys, bize düşmek aňsat: diňe özüňi görkezmek ýeterlik, öz zehin-başarnygyňy görkezmeli, sahnada özüňi görkezip bilmeli.

Biziň sahnadan gorkýan, ýöne çykyş etmek isleýän adamy däl-de, eýsem dünýä özüni we öz zehinini görkezmek isleýän adamy goýberýändigimize düşünmekleri biziň üçin möhümdir. Haýsydyr bir “süýji” zady görkezip biljek islendik çaga biz bilen aragatnaşyga girip biler we biziň çärelerimiziň çäginde çykyş edip biler. Eger-de adam ussatlygygyny we gowy hilli ýerine ýetirmegi görkezip bilýän bolsa, biz oňa çykyş etmäge mümkinçilik bereris.

Biziň maksadymyz ýerine ýetirijilere sahnany bermek, tomaşaçylara ýerine ýetirijileri bermekdir. Biz ýaşlaryň özüni ýüze çykarmagyny isleýäris. Bu eýýäm birinji konsert däl: soňky çäre «Tomus gijesindäki düýş» diýlip atlandyrlypdy. Häzir biz ikinji ýarymýyllykdaky işleriň ownuk zatlary we tapawutlyklary barada pikir edýäris, we netijeli işlemäge synanyşýarys: iň az çykdajylar bilen we ýokary hilli edip».

Çäräniň guramaçysy Alina Gostewa şulary aýtdy:

«Her bir çykyşy oýlap düzmek ýeterlik derejede çylşyrymly, bu inçe iş. Ozal biz aýratynlykda işleýärdik. Türkmenistanda ýokanç keseleleriň öňüni almak bilen bagly çäklendirmeler girizilenden soňra biz öz güýjümizi birikdirmegi karar etdik we häzir beýleki meýdançalar bilen işlşmäge taýýar.

Bu işjeňlikden başga-da elbetde, biziň karýeramyz bar, ýagny bu çäreleri gurnamak - hiç hili bähbidi gözlemeýän işdir. Şol sebäpli biziň tandemimiz zehinli adamlaryň has köpüsini çekmäge taýýar we şeýle hem olaryň mynasyp derejede sahna çykmagyny üpjün etjekleri hem çekmäge taýýar. Häzirki wagtda konsertleriň ýygylygy we olara baryp görmäge taýýar adamlaryň sany kem-kemden artýar. Şol sebäpli biz işlemäge we türkmen jemgyýeti üçin ajaýyň mähek daşlaryny – bahasyz zehinleri açmaga taýýar. Üns bereniňiz üçin sag boluň!».

Geçen bäsleşikde Selim Gurbansähedow, Marta Giris, pianinoçy Stella Faromazowa, Azim Meredow, Sona Durdyýewa, Alex Kuv, Aýlar Baýramowa, Merýem Hojaýewa, Myrat Annageldiýew, Arslan Ýagşynazarow, Grigoriý Ambarsumow, D’akrille we TET tans kollektiwleriniň agzalary özlerini görkezdiler.

Şeýle konsertler — «Ullakan partlamanyň» başlanýan nokadydyr, şol ýerden dogýan ýyldyzlar başlanýar. Bu, ýaşlar sungatynyň eşidiş we görüş görnüşi üçin adaty bolmadyk haýsydyr bir täze zada garaşanyňa degýän ajaýyp meýdançadyr. Şol sebäpli, eger-de siz geljekdäki ýyldyzlary görmek isleseňiz – onda siz hut şunuň ýaly konsertlere barmaly, ol ýerde diňe çagalar däl, eýsem ýaşlaram sungata ilkinji ädimlerini ädýärler.

Arslan MÄMEDOW

Foto: konserti gurnaýjylar tarapyndan berildi

Şeýle hem okaň: