“Litres” sanly hyzmatynda özbek dilinde kitaplaryň katalogy elýeterli bolar
11.07.2023 | 22:44 |“Litres” kitap hyzmaty Özbegistanda “Litres.uz” saýtynyň işini ýola goýar. Katalogda özbek dilinde çapdan çykan kitaplaryň 1500-si, şeýle hem hyzmatda hödürlenýän rus we beýleki dillerdäki neşirler bolar.
Ýylyň ahyryna çenli edebiýat gorunyň 4000 elektron we ses kitabyna çenli köpeldilmegi meýilleşdirilýär, bu ulanyjylara ýurtda sanly neşirleriň iň uly sanawyny hödürlemäge mümkinçilik berer – diýip, TASS ýazýar.
“Litres.uz” saýtynda kitaplary bir sanydan (ppd) satyn almak bolar. Sanly "tekjeler" 13 sany milli neşirýat tarapyndan doldurylar, olaryň arasynda – Asaxiy books, Sharq, Adabiyot и Yangi asr avlodi ýaly eýýäm şertnama baglaşylan neşirýat gulluklary bar.
Hyzmatyň özbek saýty rus wersiýasynda bar bolan köp funksiýany ýerine ýetirýär. Hususan-da, bellik galdyrmak, halanan jümläni şahsy kolleksiýa ýazmak, tanyşdyryş bölümini okamak. Litres.uz saýty diňe özbek dilinde (latyn) işleýär. Hyzmatyň baş sahypasynda bir wagtyň özünde rus, özbek we iňlis dillerinde kitaplar hödürlenýär. Şeýle-de özbek dilinde ýazylan neşirleriň ýazuwyny (kiril ýa-da latyn) saýlamak mümkinçiligi bolan kitaplar hem bar. Katalogda eseriň žanryny saýlamak hem mümkin.
ORIENT news