Moskwada Nury Halmamedowyň 85 ýyllygyna bagyşlanan iň uly konferensiýa geçiriler
08.08.2023 | 18:20 |Nury Halmamedow adyndaky Moskwanyň «Dutaryň sesleri» festiwaly aýdym-saz dünýäsinde täze bir uly çäräni - «Köp medeniýetli giňişlikde milli kompozitor mekdepleriniň döremegi meselesi» atly halkara ylmy we amaly konferensiýany hödürleýär.
30-njy oktýabrda geçiriljek iri forum, şu ýyl bellenilýän beýik türkmen kompozitory Nury Halmamedowyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanýar.
Guramaçy hökmünde «Dutaryň sesleri» festiwalynyň guramaçylyk komiteti bilen Russiýanyň Döwlet kitaphanasy – yklym Ýewropanyň we dünýäniň iň uly jemgyýetçilik kitaphanalarynyň biri çykyş edýär. Bu çäre, Moskwanyň iň owadan we meşhur binalaryň birinde Paşkow öýünde (Wozdwiženka köçesi, 3/5, 1-nji bina) geçiriler.
Gatnaşanlaryň geografiýasy Russiýanyň we Türkmenistanyň, şeýle hem GDA ýurtlarynyň esasy sazçylyk ýokary okuw mekdeplerini öz içine alýar. Sungaty öwreniş, medeniýeti öwreniş, pedagogika, jemgyýetçilik we medeni çäreler pudagynda öňdebaryjy alymlar, şol sanda türkmen sazandalary öz gözleglerini hödürlärler. Maslahat gaýybana we gaýybana däl görnüşde geçiriler.
«Maslahatymyzyň maksady, milli kompozitor mekdepleriniň we olary esaslandyryjylaryň adaty däl ýagdaýyna düşünmek synanyşygydyr. Sungatyň özara täsiri, dürli halklaryň medeniýetleriniň gazananlary biziň döwrümiziň alymlarynyň, mugallymlarynyň we döredijilik adamlarynyň aýratyn ünsüni özüne çekýär», -diýip Nury Halmamedow adyndaky «Dutaryň sesleri» sungat festiwalynyň metbugat merkezi belleýär.
Guramaçylaryň bellemegine görä, forumda milli kompozitor mekdebini halklaryň medeniýetara birleşmeginiň faktory hökmünde öwrenmek, rus klassik sazynyň milli hünär sazynyň emele gelmegindäki ähmiýeti, Günbataryň we Gündogaryň çeper medeniýetleriniň saz medeniýetinde özara täsiri, ahlak düşünjesini dörediji hökmünde kompozitoryň orny meselesi ara alnyp maslahatlaşylar.
Konferensiýanyň mowzuklary:
✓ Halmamedowyň Türkmenistanyň häzirki zaman kompozitor mekdebini ösdürmekdäki işiniň ähmiýeti
✓ Halmamedowyň döredijiligi, milli däp-dessurlara esaslanýan awtoryň stiliniň emele gelmeginiň mysaly hökmünde
✓Kinofilmler üçin saz ýazmak meselesi: däpler we täzelikler
✓Saz bilimini ulanyp, okuw jaýlarynda okaýanlaryň köp medeniýetli terbiýesi
✓Täze başlan kompozitoryň awtorynyň stiliniň kemala gelmeginde faktor hökmünde mugallymyň şahsyýeti
✓Sebitlerde kompozitor mekdeplerini döretmek meselesi
✓Köp milletli giňişlikde saz biliminiň aýratynlyklary: akademizm we millet
✓Köp medeniýetlilik şertlerinde awtoryň kompozitor stiliniň emele gelmegi
✓Saz biliminiň psihologiki, usulyýet we pedagogiki taraplary: täzelikler we däpler
✓Orta we ýokary hünär biliminiň sazçylyk okuw jaýlarynda mazmuny birleşdirmegiň häzirki tapgyrynda artykmaçlyk, kesişme, metasubektiwlik
✓Ýaş kompozitorlary goldamak meselesi
✓GDA-nyň gural we wokal sungatynyň emele gelmegi we ösüşi: bilim, ýerine ýetiriş, milli repertuar
✓Sungatda milli medeniýetleriň we sosial-medeni gatnaşyklaryň özara aralaşmagy
✓Döwrebap we nusgawy sungatyň özara täsiri
✓Sungatyň dürli ugurlarynda fenomenologiýa we futurologiýa.
Konferensiýanyň talaplary we maksatnamasy bilen saýtda tanyşyp bilersiňiz.
ORIENT news