Ermenistanyň Milli Mejlisiniň deputaty Türkmenistana iş sapary bilen geler
01.08.2025 | 10:53 |Ermenistanyň Milli Mejlisiniň «Raýdaşlyk ylalaşygy» fraksiýasynyň agzasy Babken Tunýan Türkmenistana iş sapary bilen geler.
Armenpress-iň habar bermegine görä, degişli karara Milli Mejlisiniň başlygy gol çekdi.
Tunyýan, 3-7-nji awgust aralygynda, Ermenistanyň Prezidenti tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän wekiliýetiniň agzasy hökmünde, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça III maslahatynyň çäginde Parlament forumyna gatnaşmak üçin Türkmenbaşyda bolar.
ORIENT