Iň täze habarlar

Seenda MOU-302 simsiz syçanjyk: ses dolandyryş tigirjigi bilen täsin dizaýn

31.07.2025 | 17:50 |
 Seenda MOU-302 simsiz syçanjyk: ses dolandyryş tigirjigi bilen täsin dizaýn

Seenda kompaniýasy, täze MOU-302 simsiz dik görnüşli syçanjygyny bazara hödürledi. Ol beýleki meňzeş modellerden özboluşly aýratynlygy bilen tapawutlanýar — syçanjykda sesiň derejesini dolandyrmak üçin içinden gurnalan tigirjik bar. Bu köpugurly gural, aýdym-sazlary duruzyp, olary täzeden başlatmaga mümkinçilik berýär.

Syçanjyk ergonomiki dizaýna eýedir, 57 gradus burçly utgaşma bilen, el üçin iň rahat ýagdaýy üpjün edýär. Adaty düwmelerden başga, syçanjykda üç tertipde (1000, 1600 we 2400 DPI) tiz duýgurlygy üýtgetmek üçin aýratyn düwme bar. Öndüriji tarapyndan berlen maglumatlara görä, esasy düwmeler sessiz ýagdaýda işlemäge niýetlenendir.

1

MOU-302 modeli, üç enjam bilen bilelikde işläp bilýär. Ol Windows, macOS, Android we iOS bilen utgaşdyrylan, Bluetooth ýa-da 2.4 GHz radiomodul arkaly baglanyşdyrylyp bilner, bu radiomodul syçanjygyň korpusynda amatly saklanýar.

Kuwwat, 500 mA·h batareýa bilen üpjün edilýär, bu batereýa iki aýlyk işjeň ulanylyş üçin ýeterlikdir. Zarýad döwrebap USB-C porty arkaly amala aşyrylýar. Amazon-da syçanjygyň bahasy $28, emma häzir ony arzanlaşyk bahasy $19,59 bilen almak mümkin. Bu enjam dört reňkde elýeterlidir: gara, benewşe, gök we gülgüne. Şeýlelik bilen, Seenda MOU-302, başga markalaryň has gymmat dik görnüşli syçanjyklaryna garşy amatly alternatiw görnüşleriniň biri bolup durýar.

ORIENT

Foto: Seenda

Şeýle hem okaň: