NAD tehnologiýa ägirtlerini mahabatlandyrmakda emeli aňyň mümkinçiliklerini artdyrmagynda aýyplady
01.08.2025 | 16:55 |ABŞ-nyň Milli mahabat gullugy (NAD), Apple, Google, Microsoft we Samsung ýaly öňdebaryjy tehnologiýa kompaniýalarynyň marketing materiallaryny barlap, olarda emeli aňyň mümkinçilikleriniň ýa-da funksiýalarynyň artdyrylyp görkezilendigini ýüze çykardy. Netijede bu kompaniýalar öz mahabat beýanatlaryny gaýtadan gözden geçirmäge ýa-da yzyna almaga mejbur boldylar. NAD, aň mahabatlaryny işjeň barlap başlady. Sebäbi ulanyjalara şeýle belliklere dogry baha bermek kyn bolýar.
Barlagyň çäginde NAD, Apple kompaniýasynyň iPhone üçin heniz amala aşmadyk emeli aň funksiýalaryny «häzirki wagtda elýeterli» diýip mahabat edendigini ýüze çykardy. Barlag tamamlandan soň, Apple öz web sahypasyny täzeläp, Siri üçin täze mümkinçilikleriň işlenip taýýarlanýandygyny beýan etdi. Google, öz tarapyndan, YouTube'dan Gemini kömekçisiniň hakyky işine mahsus bolmadyk mümkinçiliklerini beýan edýän wideo ýazgyny aýrdy. Microsoft, öz kömekçisi Copilot üçin «bütin maglumatlaryňyz bilen bökdençsiz işleşýändigini» görkezýän mahabatyny aýyrdy. Samsung bolsa, «AI sowadyjysynyň içindäkileri awtomatiki tanaýandygy» baradaky mahabat beýanatyndan ýüz öwürdi, sebäbi ol diňe çäkli sanly önümleri tanap bilýän ekeni.
Marketing professorý Jorj Heýdorfer, emeli aňyň meşhurlygynyň artmagy bilen şübheli mahabat kampaniýalarynyň köpelmegine garaşmalydygyny aýtdy. Onuň pikiriçe, önümleriň önümçiligi barada edilen beýanatlaryň diňe «ýokary täsirli sözler» bilen däl, hakykat bilen tassyklanylmaly. ABŞ-nyň Federal Söwda Topary (FTC) hem bu pudakda barlaglar geçirýär we şol barlaglaryň çäginde, emeli aň platformasy arkaly girdeji gazanmak mümkinçiligini wada beren kompaniýa garşy talap arzasyna gol çekildi.
ORIENT