Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň milli baýramy mynasybetli gutlagyny iberdi

01.08.2025 | 08:30 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýanyň milli baýramy mynasybetli gutlagyny iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zuttere ýurduň milli baýarmy – Konfederasiýa güni mynasybetli gutlag hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz öz gutlagynda Prezident Karin Keller-Zuttere mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip, oňa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Şweýsariýa Konfederasiýasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.

Iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklary 1992-nji ýylda ýola goýuldy. Şweýsariýa Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurtlaryň biri boldy.

Şweýsariýa Konfederasiýasynyň güni her ýyl 1-nji awgustda bellenilýär. 1291-nji ýylda Uri, Şwis we Unterwalden ýaly üç kanton birleşigi yglan edip, şweýsar döwletiniň kemala gelmegine esas döretdiler. Konfederasiýa güni hem Şweýsariýanyň esaslandyrylymagy bilen baglanyşykly bellenilýän milli baýramçylykdyr.

ORIENT

Foto: TDH

Şeýle hem okaň: