Moskwada ilkinji gezek Dünýäniň ýaşlar orkestrleri festiwaly geçiriler
14.08.2023 | 22:51 |18 ýurtdan ýaş sazandalar 18-nji awgustdan 20-nji awgust aralygynda Moskwada geçiriljek birinji Bütindünýä ýaşlar orkestrleri festiwalyna gatnaşarlar. Bu barada TASS Russiýanyň konsert agentliginiň (RCA) metbugat gullugyna salgylanmak bilen habar berýär.
“Festiwala gatnaşýanlaryň arasynda Alžirden we Özbegistandan gelen ýaşlar simfoniki orkestrleri, Arap ýaşlar simfoniki orkestri, Hytaýyň, Koreýa Respublikasynyň, Moldowanyň, Serbiýanyň, Çiliniň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Ysraýylyň, Kolumbiýanyň, Bosniýanyň we başga-da birnäçe ýurtlaryň ýaş sazandalary bar" – diýlip, habarda bellenilýär.
Aýdym-saz taslamasyna gatnaşyjylaryň konsertleri açyk asmanyň astynda – Moskwadaky “Zaryadye” seýilgähiniň Uly amfiteatrynyň sahnasynda geçer. Festiwalda 20- nji awgustda – synyň tamamlanýan güni konserti geçiriljek Bütindünýä ýaşlar simfoniki orkestri dörediler.
Festiwal baýramçylyk çäresiniň esasy we baş gahrymany – Bütinrussiýa ýaşlar simfoniki orkestriniň başlangyjy bilen geçirilýär. Çeper ýolbaşçysy we baş dirižýory – SSSR-iň Halk artisti Ýuriý Başmet. Saz festiwaly Russiýanyň paýtagtynda Moskwa hökümetiniň goldawy bilen geçirilýär.
ORIENT news