Aşgabatda Ukrain kinosynyň hepdeligi geçiriler
19.08.2023 | 13:11 |24-nji awgustda paýtagtyň Aşgabat kinoteatrynda Ukrain kinosynyň hepdeliginiň dabaraly açylyşy bolar. Bu barada ORIENT-iň habarçysyna Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasynda habar berdiler.
Paýtagtyň ýaşaýjylary we myhmanlary “Aşgabat” kinoteatrynda alty günüň dowamynda ukrain kinorežissýorlarynyň işine tomaşa etmäge, şeýle hem bu ýurduň kino pudagynyň atmosferasyna çümmäge mümkinçilik alarlar.
24-nji awgustda türkmen paýtagtynyň ýaşaýjylary we myhmanlary “Toý mirasy” (Свадебное наследие) filmine tomaşa edip bilerler. Doly metražly dokumental filmde Ukrainanyň dürli künjeklerinden toý däp-dessurlary we adatlar barada gürrüň berilýär.
26-njy awgustda tomaşaçylaryň dykgatyna oglanjyk bilen super gahryman itiň başdan geçirmeleri barada gürrüň berýän “Fokster we Maks” atly ajaýyp film hödürlener. 29-njy awgustda " Nikolaý bilen başdan geçirmeler" (Приключения S Николаем) atly maşgala komediýasy görkeziler we hepde 31-nji awgustda "Адская хоругвь, или Казацкое Рождество" filmi bilen jemlener.
Filmler asyl ses ýazgylary we iňlis subtitrleri bilen görkeziler.
Ukrainanyň Türkmenistandaky ilçihanasy we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi tarapyndan gurnalan Ukrain kinosynyň hepdeligi 31-nji awgusta çenli dowam eder.
Giriş mugt.
ORIENT news