Iň täze habarlar

Türkmenistan Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlarynyň I halkara forumyna gatnaşar

22.08.2023 | 22:43 |
 Türkmenistan Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlarynyň I halkara forumyna gatnaşar

Hazarýaka ýurtlaryň kompozitorlarynyň I halkara forumy 22-nji awgustdan 6-njy sentýabr aralygynda Russiýanyň Astrahan şäherinde geçiriljek "Hazar möwsümleri - 2023" nusgawy sungatyň halkara festiwalynyň çäklerinde geçiriler.

Medeni taslama çarşenbe güni Astrahan filarmoniýasynda badalga alar, ol ýerde hazarýaka bäş döwletiň - Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Russiýanyň döredijilik adamlary we tanymal kompozitorlary duşuşarlar.

Forumda Türkmenistana Ýewraziýa kompozitorlar bileleşiginiň türkmen sebit bölüminiň başlygy, Nury Halmämmedow adyndaky “Dutaryň owazy” Moskwa halkara sungat festiwalynyň sungat müdiri, kompozitor Mämmet Güseýnow wekilçilik eder. Ol “Hazar möwsümleri” festiwalyna yzygiderli gatnaşýar, geçen ýyl sazanda aýaly - Moskwanyň “Helikon-Opera” saz teatrynyň aýdymçysy Darýa Güseýnowa bilen “Türkmenistanyň güni” atly konsertde çykyş etdi, 2021-nji ýylda bolsa onuň simfoniki poemasy hazarýaka ýurtlaryň simfoniki orkestri tarapyndan ýerine ýetirildi.

Aýdym-saz forumynyň çäginde kompozitorlar häzirki zaman sazynyň täze görnüşlerini ara alyp maslahatlaşarlar we öz eserlerini köpçülige hödürlärler. Forumyň guramaçylarynyň metbugat beýanatynda käbir kompozisiýalaryň “Hazar möwsümleri - 2023” festiwalynyň açylyş dabarasynda geçiriljek gala konsertde ýerine ýetiriljekdigi habar berilýär.

ORIENT news

Foto: Astrakhan sebitiniň Medeniýet ministrliginiň metbugat gullugy

Şeýle hem okaň: