Iň täze habarlar

Dzýudo: Türkmenistanly tälimçiler IJF synaglaryny üstünlikli tabşyryp, 2025-nji ýylyñ ýaryşlaryna goýberildi

24.10.2024 | 21:55 |
 Dzýudo: Türkmenistanly tälimçiler IJF synaglaryny üstünlikli tabşyryp, 2025-nji ýylyñ ýaryşlaryna goýberildi

Türkmen tälimçileri Yhlas Setdarow, Raşid Tursunow we Tatýana Widýasowa "Undergraduate certificate as judo instructor" Halkara Dzýudo federasiýasynyñ (IJF) hünäri ýokarlandyrmak baradaky şahadatnamalaryna mynasyp boldylar.

IJF-yñ täze düzgünlerine laýyklykda, 2025-nji ýyldan başlap halkara ýaryşlara gatnaşýan ähli eminleriñ we tälimçileriñ olaryñ ýokary hünär taýýarlygyny tassyklaýan bu şahadatnama hökmany ýagdaýda bolmaly. Bu okuwy geçmezden tälimçiler we eminler ýaryşlara gatnaşyp bilmeýärler.

Türkmenistanly hünärmenleriniñ gatnaşan bu okuwlary 19 hepde dowam edip, tutuş dünýäden 45-e golaý tälimçileri ýygnady. Okuwyñ başlangyç tapgyrlary onlaýn görnüşinde geçirilip, ýapon dilinde dzýudo adalgalary we halkara ýaryşlaryñ geçiriliş tertibi boýunça onlaýn-synaglary öz içine aldy.

Jemleýji tapgyr oktýabr aýynda Italiýanyñ paýtagty Rim şäherinde geçirildi. Ol 8 halkara hünärmenleri bilen amaly sapaklardan ybarat boldy. Üç synagyñ netijeleri boýunça, Türkmenistanyñ wekilleriniñ üçüsi hem olary üstünlikli tabşyryp, möhüm şahadatnamalara mynasyp boldylar. Bu bolsa olar üçin 2025-nji ýylda geçiriljek halkara ýaryşlaryna gapylary açýar.

ORIENT news

Foto: Türkmenistanyñ dzýudo federasiýasy

Şeýle hem okaň: