Ashgabat 2025: Merkezi Aziýanyň küştçileri çagalaryň arasynda rapid boýunça ýaryşyna äheň berýär
17.06.2025 | 15:15 |16-njy iýunda Aşgabatda “Ashgabat 2025” atly küşt boýunça halkara ýaryşy başlady. Sport bäsleşigi Wýetnam, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzystan, Malaýziýa, Russiýa, Täjigistan, Tailand, Özbegistan we Türkmenistan ýaly 11 ýurtdan 129 türgeni bir ýere jemledi.
Bäsleşigiň açylyş dabarasynda Ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýaryşa gatnaşyjylara iberen Gutlagyny okady.
Döwlet Baştutany bu bäsleşigiň Türkmenistanyň sport taryhynda möhüm waka boljakdygyna, sport pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny güýçlendirjekdigine, parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrjakdygyna we Olimpiýa hereketiniň ýörelgelerini wagyz etjekdigine we ornaşdyrjakdygyna ynam bildirdi.
Bu ýaryş Aşgabatyň “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegine bagyşlanan çäreleriň maksatnamasynyň çäklerinde geçirilýär.
GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew hem halkara küşt ýaryşyna gatnaşyjylara Gutlagyny iberdi. Ol ýurduň ýolbaşçylyklarynyň bedenterbiýe we sporty goldamak ugurndaky işlerine ünsi çekdi we Aşgabatdaky ýaryşyň ýokary derejede gurmaçylygynyň GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň karary bilen “Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň şäheri” diýlip yglan edilmegine mynasypdygyna hem-de bu ýaryşyň diňe bir küşt endikleriniň ösmegine däl, eýsem GDA-nyň ýurtlaryndan we beýleki döwletlerden gelen ýaş türgenleriň arasyndaky dostlugy berkitmäge hem goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.
Bu ýaryş şweýsar ulgamyna laýyklykda üç ýaş derejesinde – gyzlaryň we oglanlaryň arasynda 8, 10 we 12 ýaşa çenli aralylykda geçirilýär. Aşgabadyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde üç günläp dowam etjek küşt ýaryşynda rapid we blitz görnüşleri boýunça bäsleşerler.
Duşenbe güni rapid boýunça ýaryşyň 9 tapgyrynyň 6-sy oýnaldy. Türkmenistandan, Gazagystandan we Özbegistandan ýaş türgenler öňdäki orunlary eýeleýärler.
8 ýaşa çenli oglanlaryň toparynda Aşgabadyň “Küşt Älemi” klubynyň wekili Çaryhekim Çaryýew, mümkin bolan 6 utukdan 5 utuk gazanyp Özbegistanly Saýfudin Erkinboýew bilen birinji orny paýlaşýar. Olaryň yzyndan Russiýadan, Gazagystandan we Türkmenistandan gatnaşýan 5 sany oýunçydan ybarat tutuş bir topar 4 utuk bilen barýar.
8 ýaşa çenli gyzlaryň toparynda – Zarina Larina (Özbegistan) mümkin bolan 6 utukdan 5,5 utuk bilen birinji ýerde barýar, Onuň yzyndan Amira Alemanowa (Gazagystan) we Bägül Jumaýewa (Türkmenistan) dagylar 4,5 utuk bilen barýarlar.
10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda öňdäki orny mümkin bolan 6 utukdan 5.5 utuk gazanyp Türkmenabatly watandaşymyz Maksat Öwlýägulyýew we Özbegistandan gelen Abdurahmon Radjabow paýlaşýar. Gazagystanly Alrami Mukaşew bir utuk ara tapawudy bilen üçünji orunda barýar.
10 ýaşa çenli gyzlaryň arasynda öňdeligi Läle Wepaýewa (“Küşt Älemi” kluby, Türkmenistan) eýeleýär. Ondan Zarina Nematjonowa (Özbegistan) we Türkmenabatdan Güneş Baýramowa ýarym utuk yzda barýarlar.
12 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda şu derejede Günbatar Aziýanyň şu ýylky iki gezek çempiony Nurasyl Primbetow (Gazagystan) 100% netije bilen birinji orny (6 utukdan 6-sy) eýeleýär. Onuň yzyndan bolsa şu gün 7 –nji tapgyrda şahsy duşuşykda gazagystanly türgeni duruzmaga synanşan Marydan gelen küştçi Alyhan Batyrow 5 utuk bilen barýar. Ondan soň birbada 4 utuk bilen Gyrgyzystandan, Özbegistandan we Türkmenistandan üç oýunçy barýar.
12 ýaşa çenli gyzlaryň derejesinde Daşoguzly Dilber Hupbyýewa mümkin bolan 6 utukdan 5.5 utuk bilen birinji orunda barýar. Onuň yzyndanky orunda 5 utuk bilen Türkmenabatly Aýa Baýramowa eýeleýär. 3-4-nji orny bolsa Malika Norkulowa (Özbegistan) we Dursunjemal Gullyýewa (Türkmenistan) paýlaşýar.
Ýeňijileriň we baýrakly orunlary eýelänleriň gutarnykly sanawy 17-nji iýunda galan üç tapgyryň netijelerine görä kesgitlener. Türkmenistanyň milli ýygyndysyna 81 küştçi wekilçilik edýär.
Halkara ýaryşyň guramaçylary bolup Türkmenistanyň Küşt federasiýasy we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti çykyş edýär. Jemi medallaryň 12 toplumyň ugrunda bäsleşer. Çarşenbe güni, 18-nji iýunda, halkara ýaryşy blitz görnüşi boýunça gyzgalanly ýagdaýda gatnaşyjylar tarapyndan dowam etdiriler. Blitz düzgüniniň çäginde her oýun her göçüm üçin 3 minut + 2 sekunt wagt gözegçiligi bilen geçiriler. Rapid görnüşinde-de bolşy ýaly, 9 tapgyr oýnalar, netijeleri boýunça indiki 6 toplum medallaryň ýeňijilerini kesgitlär.
Bäsleşikli tapgyrdan başga-da gatnaşýanlar üçin paýtagtyň gözel ýerlerine: Olimpiýa şäherçesine, sirke, seýilgählere, söwda-dynç alyş merkezlerine merkezlerine baryp görmek ýaly medeni maksatnama taýýarlandy.
ORIENT