Türkmenistan Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlaryna ynsanperwerlik kömegini berýär
16.06.2025 | 01:05 |Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda häzirki wagtda Eýranyň çäginde bolan daşary ýurtly diplomatlaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, şeýle hem beýleki raýatlaryň çykmagy üçin Türkmenistan tarapyndan öz çäginiň berilmegi boýunça tizden-tiz çäreler görülýär.
Şu güne çenli 120-den gowrak adam barlag-goýberiş nokatlary arkaly Türkmenistanyň döwlet serhedinden geçdiler. Olaryň arasynda – Gagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bar diýip, Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Gelen ähli adamlar dessin ýagdaýda zerur goldawlar berilýär: ýollaryny mundan beýläk-de dowam etdirmek üçin awtoulaglar, gyzgyn naharlar, myhmanhanalar we ilkinji nobatdaky zerur serişdeler bilen üpjün edildi.
Ynsanperwer işi durmuşa geçirmegiň çäklerinde Türkmenistanyň degişli döwlet edaralary daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalary we halkara guramalary bilen ýakyndan aragatnaşyk saklaýarlar.
Şeýle hereketler Türkmenistanyň ynsanperwerlik, halkara hyzmatdaşlygy we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar. Munuň özi Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda has-da möhümdir.
ORIENT