Türkmenistanyň Prezidenti Ahmedabad şäherindäki heläkçilik sebäpli Hindistana gynanç bildirdi
13.06.2025 | 06:15 |Türkmenistanyñ Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Draupadi Murmuwa hem-de Premýer-ministri Narendra Modä ýurduň Ahmedabad şäherinde ýolagçy uçarynyň heläkçilige uçramagy hem-de bu betbagtçylygyň köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirmegi zerarly gynanç hatyny iberdi.
Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de öz adyndan ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.
Şeýle hem, ejir çekenlere tiz wagtda sagalmaklary baradaky dilegleri beýan edildi.
Deslapky maglumatlara görä, betbagtçylyk Ahmedabad şäherinde bolup, ol ýerde ýolagçy uçary heläkçilige uçrap, köpsanly adam pidalaryna we şikes ýetmelere getirdi.