Türkmenistan we Rumyniýa ÝUNESKO-nyñ işleri barada Milli toparlaryñ arasyndaky hyzmatdaşlyk barada maslahatlaşdylar
27.03.2025 | 17:40 |2025-nji ýylyñ 26-njy martynda ÝUNESKO-nyñ işleri barada Rumyniýanyñ milli toparynyñ binasynda ÝUNESKO-nyñ işleri barada Türkmenistanyñ milli toparynyñ Jogapkär sekretary Çynar Rüstemowanyñ ÝUNESKO-nyñ işleri barada Rumyniýanyñ milli toparynyñ Baş sekretary hanym Ligiýa Deka bilen duşuşygy geçirildi.
Taraplar Türkmenistanyñ we Rumyniýanyñ ynsanperwer ugry boýunça özara gatnaşyklaryñ mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Çynar Rüstemowa ÝUNESKO-nyñ işleri barada Türkmenistanyñ milli toparynyñ işi, bitaraplyk ýörelgesine esaslanýan Türkmenistanyñ daşary syýasaty, taryhy hem-de Türkmenistanyñ bitaraplyk halkara-hukuk ýagdaýynyñ sebit we halkara derejesinde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekdäki ähmiýeti barada belläp geçdi.
Rumyn tarapynyñ wekilleri öz nobatynda ÝUNESKO-nyñ işleri barada Rumyniýanyñ milli toparynyñ işi we onuñ ileri tutýan ugurlary barada habar berdiler.
Taraplar ÝUNESKO-nyñ işleri barada türkmen we rumyn milli toparlarynyñ arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada ylalaşdylar, geoparklar toruny döretmek we ösdürmek bilen baglanyşykly meselelere seretdiler. Bilelikdäki çäreleriñ, maslahatlaryñ, şol sanda gyzyklanma bildirilýän ugurlar boýunça taýýarlygy ýokarlandyryş okuwlary geçirmäge aýratyn ähmiýet berildi.
ORIENT news