BAE dirhemiň täze halkara nyşany bilen tanyşdyrdy
28.03.2025 | 12:25 |Birleşen Arap Emirlikleri dirhem pul birliginiň täze nyşanyny resmi ýagdaýda tassykladylar.
Ozal BAE-niň milli pul birligi bolan dirhemiň bitewi gysgaldylan ady ýokdy. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, bank ulgamynda we giň köpçüligiň arasynda ol, adatça, AED, Dhs we Dh diýlip gysgaldylýardy.
Indi BAE-niň Merkezi banky, edil ABŞ-da - $, Beýik Britaniýada - £, Ýewropada bolsa - € nyşanlarynyň ulanylyşy ýaly, dirhemiň gysgaldylan nyşanyny döretdi. Indi ol Emirlikleriň milli pul birliginiň halkara nyşany hökmünde hyzmat eder.
BAE-niň milli pul birligi iki sany keseleýin egri çyzykly stilizirlenen D harpyny ulanar.
Täze adaty nyşanyndan başga-da, BAE Emirlikleri dünýäniň maliýe merkezi hökmündäki ornuny mundan beýläk-de berkitmek maksady bilen, dirhemiň täze sanly görnüşini hem girizdi.
Pul birligiň sanly görnüşi 2025-nji ýylyň soňky çärýeginde çykarylyp, ol blokçeýn tehnologiýasyna birikdiriler. Sanly dirhem we sanly dirhemiň gapjygy arkaly adamlar serhetüsti tölegleri, pul geçirimlerini amala aşyryp, şeýle hem pul çekip ýa-da hasabyny dolduryp bilerler.
ORIENT news