Iň täze habarlar

GDA-nyň Baş sekretary: ŞHG GDA-nyň ýanyndaky synçy derejesini alyp biler

29.03.2025 | 10:10 |
 GDA-nyň Baş sekretary: ŞHG GDA-nyň ýanyndaky synçy derejesini alyp biler

Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Baş sekretary Sergeý Lebedew häzirki wagtda Şanhaý Hyzatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) GDA-nyň ýanyndaky synçy derejesini bermek mümkinçiligine garalýandygy barada aýtdy.

Bu 2025-nji ýylyň 28-29-njy marty aralygynda Moskwanyň Halkara söwda merkeziniň meýdançasynda geçirilýän GDA gatnaşyjy-döwletleriň Halkara ykdysady forumynyň çäklerinde beýan edildi.

Lebedew şeýle derejäniň berilmeginiň GDA bilen ŞHG-niň arasyndaky özara baglanyşygy mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Onuň aýtmagyna görä, synçy derejesi ŞHG-na sebit howpsuzlygy we ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagyna has işjeň gatnaşmaga mümkinçilik berer.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy (ŞHG) 10 agza-döwletleri (Belarus, Hindistan, Eýran, Gazagystan, Gyrgyzstan, Hytaý, Pakistan, Russiýa, Täjigistan we Özbegistan) birleşdirýär. Şeýle hem, ŞHG-sy bilen synçy derejesine eýe bolan 2 döwlet (Owganystan, Mongoliýa) hem-de dialog boýunça 14 hyzmatdaş (Azerbaýjan, Ermenistan, Bahreýn, Müsür, Kamboja, Katar, Kuweýt, Maldiwler, Mýanma, Nepal, BAE, Saud Arabystany, Türkiýe we Şri-Lanka) hyzmatdaşlyk alyp barýarlar.

ORIENT news

Foto: e-cis.info

Şeýle hem okaň: