Iň täze habarlar

«Aždaryň we piliň tangosy» — Hytaý we Hindistan gutlag alyşdylar

03.04.2025 | 16:33 |
 «Aždaryň we piliň tangosy» — Hytaý we Hindistan gutlag alyşdylar

Sişenbe güni, 1-nji aprelde, Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpin we Hindistanyň Prezidenti Droupadi Murmu iki ýurduň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 75 ýyllygy mynasybetli gutlag hatlaryny alyşdylar. Aziýanyň iki ägirt güýçli ýurtlarynyň liderleriniň aýdan sözleri barada «Sinhua» habarlar agentligi habar berýär.

Si Szinpiniň aýtmagyna görä, Hytaý we Hindistan gadymy siwilizasiýalar, uly ösýän döwletler we «global Günorta» toparynyň möhüm agzalary hökmünde häzirki wagtda döwrebaplaşmak boýunça tagallalarynyň möhüm tapgyrynda ýerleşýär. Olar üçin dogry strategiýa birek-biregiň maksatlaryna ýetmegine ýardam berýän hyzmatdaş bolmak we «aždaryň we piliň tangosy» konsepsiýasyny durmuşa geçirmek bolup durýar. Bu bolsa iki ýurduň hem-de olaryň halklarynyň düýpli bähbitlerine doly laýyk gelýär.

Hytaýyň lideri iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary strategik nukdaýnazardan we uzak möhletleýin mümkinçiliklerden ele alyp ösdürmegi, parahatçylykly bilelikde ýaşamagyň, birek-birege ynamyň, özara peýdanyň we umumy ösüşiň ýoluny gözlemegi teklip etdi. Şeýdip, goňşy uly döwletleriň özara ylalaşykly gatnaşyklary saklamagy we halkara gatnaşyklarynda köpugurly dünýä we giň demokratiýany öňe sürmegi mümkin bolar.

Si Szinpin, mundan başga-da, Murmu bilen bilelikde diplomatik gatnaşyklaryň 75 ýyllygyny strategiki özara ynamy berkitmek, dürli ugurlar boýunça alyş-çalyşy we hyzmatdaşlygy giňeltmek, halkara meselelerinde aragatnaşygy we utgaşdyrmagy çuňlaşdyrmak, Hytaý-Hindistan serhetindäki parahatçylygy üpjün etmek we ikitaraplaýyn gatnaşyklary durnukly ösdürmek üçin bir pursat hökmünde ulanmak isleýändigini nygtady. Munuň bütin dünýäde parahatçylyga we gülläp ösüşe goşant goşjakdygyny aýtdy.

Öz gezeginde, Murmu Hindistan bilen Hytaýyň dünýä ilatynyň üçden bir böleginiň ýaşaýan goňşy döwletlerdigini belläp, durnukly, dostlukly gatnaşyklary saklamagyň diňe bir bu iki ýurduň däl, eýsem tutuş dünýäniň hem bähbidine boljakdygyny aýtdy. Ol diplomatik gatnaşyklaryň 75 ýyllygyny Hindistan-Hytaý gatnaşyklarynyň sagdyn we durnukly ösüşine bilelikde ýardam etmegi teklip etdi.

Şol gün Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň premýer-ministri Li Sýan Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi bilen hem gutlag hatlaryny alyşdy. Hytaý Hindistan bilen strategiki özara ynamy berkidip, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge, serhet meselesini ýerlikli çözmäge we ikitaraplaýyn gatnaşyklary sagdyn we durnukly ýola goýmak arkaly iki ýurduň halklarynyň has köp peýda görmegini gazanmaga taýýar diýip, Li aýtdy.

Öz gezeginde, Modi Hindistan bilen Hytaýyň gadymy siwilizasiýalar hökmünde adamzat taryhynyň ugruny kesgitlemekde möhüm rol oýnandygyny we häzirki wagtda parahatçylyga hem-de ösüşe ýardam bermek ýaly uly jogapkärçiligiň üstüne düşýändigini aýtdy. Ol iki ýurduň gatnaşyklarynyň ösmeginiň diňe bir dünýäniň gülläp ösmegine we durnuklylygyna däl, eýsem köpugurly dünýä düşünjesiniň durmuşa geçirilmegine hem ýardam etjekdigini nygtady. Modi Hindistan bilen Hytaýyň diplomatik gatnaşyklaryň 75 ýyllygyny bellemek arkaly özara gatnaşyklary sagdyn we durnukly ösüş derejesine çykarjakdygyny belledi.

Foto: ru.qaz365.kz

Şeýle hem okaň: