Iň täze habarlar

Hytaýyñ DeepSeek startapy täzelenen R1 modeli bilen EA bazarynda bäsdeşligi güýçlendirýär

29.05.2025 | 13:12 |
 Hytaýyñ DeepSeek startapy täzelenen R1 modeli bilen EA bazarynda bäsdeşligi güýçlendirýär

Emeli añ babatda Hytaýyñ DeepSeek startapy özüniñ R1 pikirleniş modeliniñ täzelenen görnuşini çykaryp, OpenAI ýaly bazaryñ amerikan öñdebaryjy kompaniýalaryna garşy bäsdeşligi güýçlendirýär.

DeepSeek işläp taýýarlaýjylar üçin niýetlenen Hugging Face platformasynda R1-0528 modelini hödürledi. Muña garamazdan model barada resmi köpçülikleýin habar ýa-da giñişleýin düşündirme berilmedi. Şeýle-de bolsa, onuñ öndürijiligi eýýäm özüne ünsi çekdi.

Berklidäki Kaliforniýa uniwersitetiniñ, Massaçusetsiñ tehnologiýa institutynyñ hem-de Kornell uniwersitetiniñ alymlary tarapyndan işläp düzülen LiveCodeBench sanawyna laýyklykda, DeepSeek startapynyñ täzelenen R1 modeli täsirli netijeleri görlezdi. Ol OpenAI o4 mini we o3 modellerinden kodyñ generasiýasy boýunça biraz yza galýar, emma xAI-niñ Grok 3 mini we Alibaba-nyñ Qwen 3 modellerinden üstündir.

R1özboluşly modeliniñ ýanwar aýyndaky goýberilişi eýýäm dünýä bazarlaryna ep-esli derejede täsirini ýetirip, Hytaýyñ daşyndaky tehnologiki kompaniýalarynyñ paýnamalarynyñ birbada pese düşmegine sebäp boldy. Bu hadysa EA-ny ýaýbañlandyrmak üçin ägirt uly hasaplaýyş kuwwatlyklaryñ we maýa goýumlaryñ gerekdigi baradaky umumy kabul edilen pikiri şüphe astynda goýdy.

ORIENT

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: