Iň täze habarlar

CAVA Milletler ligasy: Türkmenistan şu gün Gyrgyzystan bilen duşuşar

02.06.2025 | 16:10 |
 CAVA Milletler ligasy: Türkmenistan şu gün Gyrgyzystan bilen duşuşar

Şu gün Türkmenistanyñ woleýbol boýunça ýygyndysy Gyrgyzystanyñ topary bilen duşuşar. Ýaryş Merkezi Aziýanyñ woleýbol birleşiginiñ (CAVA) Milletler ligasynyñ çäklerinde Özbegistanyñ Fergana şäherinde geçiriler.

A toparynda Gyrgyzystan Gazagystandan 3:1 hasabynda üstün çykyp, emma Pakistandan 0:3 hasabynda ýeñildi. Bu hem topara ýarym finala geçmek üçin böwet boldy. Indi bolsa Andreý Ankudinowyñ topary jemleýji 5-nji orun üçin ýaryşar.

Ýaryşyñ medallarynyñ ugrunda Eýran, Hndistan, Pakistan we Gazagystan ýaryşýarlar.

ORIENT

Foto: sportovets.com

Şeýle hem okaň: