Microsoft we Asus ROG Xbox Ally-ni hödürleýär: ykjam oýunlar üçin Windows ulgamy
09.06.2025 | 16:07 |Şu gün Microsoft we Asus kompaniýalary ROG Xbox Ally we ROG Xbox Ally X atly täze göçme oýun konsollaryny tanyşdyrdy. Bu enjamlar optimizirlenen Windows ulgamynda işleýär we Xbox-yň tutuş ekranly interfeýsi bilen enjamlaşdyrylandyr. Bu Microsoft-yň Steam Deck enjamlaryna jogabydyr, maksady — “Xbox bilen Windows-yň iň gowy taraplaryny” göçme formatda birleşdirmekdir.
Konsollar açylanda göni tutuş ekranly Xbox interfeýsine girýär. Bu interfeýs doly Windows iş stolunyň ýerine ýeňilleşdirilen Xbox programmasynyň görnüşidir. Şeýle çemeleşme 2 GB çenli operatiw ýady boşatmaga mümkinçilik berýär we bu hem oýunlaryň öndürijiligini ep-esli ýokarlandyrýar. Şol bir wagtda ulanyjylar islendik wagty Windows iş stoluna geçip bilerler.
Game Bar hem düýpli täzeden işlenildi: Xbox düwmesine basmak bilen sazlamalara, Asus-yň Command Center ulgamyna we täze Gaming Copilot aýratynlygyna geçip bolýar. Xbox düwmesini saklamak bolsa programmalar arasynda geçmek üçin aňsatlaşdyrýan amatly menýuny açýar.
Microsoft energiýa sarp edilişini optimizirlemäge aýratyn üns berdi: tutuş ekranly tertipde işe başlamak, Windows iş stoluna garanyňda, garaşma (standby) ýagdaýynda energiýa sarp edilişini üçden birine çenli peseldýär. Şeýle hem Windows-yň gulplama ekrany dolandyryjy tarayndan ulanmak üçin amatly ýagdaýda täzelenildi.
Täzelenen Xbox programmasy indi ähli PC oýunlaryny — şol sanda Steam we Epic Games Store oýunlaryny — bir ýerde jemleýär. Bu birleşdirilen oýun kitaphanasy Windows 11 ulgamyndaky ähli enjamlar üçin elýeterli bolar. Microsoft Steam Deck Verified görnüşine meňzeş ulgam üstünde işleýär, bu bolsa haýsy oýunlaryň göçme enjamlara optimizirlenendigini görkezmäge kömek eder.
Oýunçylar şeýle hem Xbox Cloud Gaming ýa-da öz konsollaryndan striming arkaly oýunlara geçip bilerler. Tutuş ekranly Xbox interfeýsi ilkinji nobatda ROG Xbox Ally we ROG Xbox Ally X enjamlarynda peýda bolar, soňlugy bilen bolsa öňki ROG Ally modellerine we 2026-njy ýyldan başlap beýleki göçme Windows enjamlaryna hem giriziler.
ORIENT