Türkmenistan - DARYA Milli Utgaşdyryjy Komitetiniň onlaýn duşuşygy geçirildi
25.06.2025 | 14:45 |24-nji iýunda Türkmenistanyň DARYA Milli Utgaşdyryjy Komitetiniň onlaýn ýygnagy geçirildi. Çäräni Ýewropa Okuw Gaznasy (ETF) Türkmenistanyň Bilim Ministrligi bilen hyzmatdaşlykda we milli hem-de halkara hyzmatdaşlaryň gatnaşmagynda gurady.
Duşuşyk DARYA taslamasynyň durmuşa geçirilmegine degişli üstünlikler, häzirki kynçylyklar we geljekki meýilnamalar bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlandy. DARYA – Ýewropa Bileleşiginiň sebitleýin maksatnamasy bolup, Merkezi Aziýada ýaşlaryň iş bazaryna gönükdirilen, durnukly ukyplarynyň ösdürilmegine goldaw berýär.
Çärä Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekilleri, ÝB-niň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň işgärleri, ETF-niň bilermenleri we beýleki gyzyklanýan taraplar gatnaşdylar.
Duşuşygyň açylyşynda şu ýolbaşçylaryň çykyşlary diňlenildi:
-Gülnabat Gurdowa, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň başlygy we DARYA taslamasynyň milli utgaşdyryjysy;
-Katarina Lukaçeva, DARYA taslamasynyň sebitleýin hyzmatdaşlyk boýunça utgaşdyryjysy (ETF);
-Georgios Zisimos, ETF-niň adam maýasy syýasaty bölüminiň ýolbaşçysy;
-Borislaw Dimitrow, ÝB-niň Türkmenistandaky Wekilhanasynyň maksatnama müdiri.
Gün tertibiniň esasy ugurlary:
-Sebitleýin syýasy ýagdaý we gysga möhletli ileri tutulýan ugurlar boýunça syn, şol sanda ÝB – Merkezi Aziýa 1-nji Sammitiniň (Samarkand, 2025-nji ýylyň aprel aýy) we DARYA ýokary derejeli duşuşygynyň (Toshkent, 2024-nji ýylyň dekabry) netijeleri;
Milli üstünlikleriň we üstünlikli tejribeleriň tanyşdyrylmagy, şol sanda Türkmenistanyň SCAFFOLD usulyýetiniň durmuşa geçirilmegi we milli hünär derejesi ulgamynyň ösüşi bilen baglanyşykly tejribesi;
-G. Gurdowanyň Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan eden çykyşynda DARYA taslamasynyň 2-nji we 3-nji modullary boýunça üstünlikler we geljekki meýilnamalar beýan edildi;
-M. Babaýewanyň, Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň wekili hökmünde, DARYA-nyň 1-nji moduly – ukyplaryň we zähmet bazarynyň zerurlyklarynyň seljermesi boýunça eden çykyşynda maglumatlaryň ýygnalmagynyň we netijeli syýasaty düzmekde ähmiýeti nygtaldy.
Duşuşygyň bir sessiýasy DARYA ýol kartasyna we sebitleýin Utgaşdyryjy Komitetiniň (RSC) öňümizdäki ýygnagyna bagyşlandy.
Sesssiýada aşakdaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy:
-Sebitleýin hyzmatdaşlygy güýçlendirmek üçin mehanizmler we çäreler;
-Ýol kartasynyň konsepsiýasy we meýilleşdirilen çäreleriň tanyşdyrylmagy;
-Sebitleýin hereketleriň utgaşdyrylmagyna ýardam berýän gural serişdeleri.
Sesssiýa halkara taslama dolandyryşy boýunça bilermen Kakhaber Eradze tarapyndan alnyp baryldy.
Ýygnagyň ahyrynda ETF-niň wekilleri ähli gatnaşyjylara işjeň gatnaşandyklary we netijeli gepleşikler üçin minnetdarlyk bildirip, Türkmenistanyň DARYA taslamasynyň maksatlaryna ýetmekde ygtybarly hyzmatdaş hökmünde möhüm orny eýeleýändigini aýratyn nygtadylar. Bu barada TBM habar berýär.
ORIENT