Türkmen wekiliýeti Fransiýada geçirilen 11-nji "UI GreenMetric" Halkara maslahatyna gatnaşdylar
25.06.2025 | 14:23 |Ýurdumyzyň wekiliýeti şu ýylyň 17-20-nji iýuny aralygynda Fransiýa Respublikasynyň Nissa şäherinde Indoneziýanyň Uniwersiteti we Fransiýanyň Côte d’Azur Uniwersiteti bilen bilelikde geçirilen, 11-nji UI GreenMetric Dünýä Uniwersitetleriniň Derejelendirmesi boýunça Halkara Maslahatyna (IWGM 2025) gatnaşmak üçin iş saparynda boldular.
Maslahatyň açylyş dabarasy we bölümleri Côte d’Azur Uniwersitetiniň taryhy binasy Château de Valrose galasynda we dünýäniň ilkinji uly obserwatoriýalarynyň biri bolan Côte d’Azur Observatoriýasynda alnyp baryldy. Onuň işine dünýäniň dürli ýurtlaryndan durnukly ösüş boýunça ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary, görnükli alymlary, professorlary, dosentleri, mugallymlary gatnaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.
Maslahatyň açylyş dabarasynda dünýä belli professorlaryň gutlag sözleri we çykyşlary diňlenildi.
Olardan:
-Oksford uniwersitetiniň Nature Positive Universities inisiatiwasynyň koordinatory Emili Sott biodürlüligi goramakda uniwersitetleriň tutýan orny barada belläp geçdi;
-Côte d’Azur uniwersitetiniň rektory Professor Žanik Briswalter durnuklylyk üçin halkara akademiki hyzmatdaşlygyň ähmiýetine aýratyn üns çekdi;
-UI GreenMetric guramasynyň başlygy Prof. Riri Fitri Sari uniwersitetleri dolandyrmak ulgamlarynda durnuklylyk görkezijilerini integrirlemegiň wajyplygyny nygtap geçdi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň düzüminde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň Mikrobiologiýa, wirusologiýa we immunologiýa kafedrasynyň mugallymy Serdar Gedaýew, şeýle hem S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň Okuw bölüminiň başlygy Begenç Ýowbagşyýew we şol uniwersitetiň Umumy himiýa kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Kadyr Amanow çykyş etdiler.
“Uniwersitetlerde durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmek: Biziň jemgyýetimiziň we guramamyzyň taryhy” mowzugy bilen geçirilen maslahatda, uniwersitetleriň durnukly ösüş babatynda tutýan möhüm orny ara alyp maslahatlaşyldy. Dört günläp dowam eden çärä, gatnaşyjylar energiýa tygşytlylygy, ekologik bilim, tebigy baýlyklaryň dolandyryşy we durnukly uniwersitet şäherçesiniň döredilmegi ýaly ugurlarda innowasion çemeleşmeler bilen tanyşdyryldy.
Serdar Gedaýew maslahatda “Biziň jemgyýetimiziň we guramamyzyň galyndylary dolandyryrmakdaky taryhy” atly bölüminde başlygyň orunbasary hökmünde çykyş etdi. Şeýle hem Serdar Gedaýew “Chlorella vulgaris alynan bioýangyjyň Türkmenistanda durnukly energiýa çeşmesi hökmünde peýdalanylmagy” atly tema boýunça täsirli çykyş etdi.
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlary Kadyr Amanow we Begenç Ýowbagşyýew bilelikde “Galyndylaryň durnukly dolandyrylyşy: Maldarçylyk galyndylaryndan organomineral dökün öndürmek” atly tema boýunça çykyş etdiler. Bu taslamada Türkmenistanda oba hojalygyň durnukly ösüşini gazanmakda ýapyk görnüşli aýlanşyk çemeleşmesini ulanmagyň aýratynlyklary beýan edilýär.
Geçirilen çäräniň esasy pursatlarynyň biri hem UI GreenMetric ulgamyna täze kabul edilen agzalaryň Deklarasiýa gol çekmek dabarasy boldy.
12-nji UI GreenMetric Dünýä Uniwersitetleriniň Derejelendirmesi boýunça Halkara Maslahatynyň (IWGM 2026) nobatdaky geçiriljek ýeri hökmünde Polşa Respublikasynyň Poznan şäherinde ýerleşýän Adam Miskewiç uniwersiteti saýlanyp alyndy we bu barada hasabat diňlenildi.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinden degişli wekilleriň bu maslahata gatnaşmagy ýurdumyzyň uniwersitetleriniň halkara derejesinde gazanan üstünliklerini görkezmegine, şeýle hem, Braziliýa, Fransiýa, Germaniýa, Indoneziýa ýaly döwletleriň akademiki liderleri bilen bilimlerini we tejribelerini alyşmagyna mümkinçilik berdi.
UI GreenMetric ýaly halkara platformalar ekologiýa taýdan jogapkärli uniwersitet ösüşini üpjün etmekde möhüm rol oýnaýarlar.
ORIENT