Iň täze habarlar

Türkmenistan we UNIDO Awazadaky BMG-niň forumynyň guraçylygy boýunça işleri utgaşdyrýar

10.07.2025 | 22:00 |
 Türkmenistan we UNIDO Awazadaky BMG-niň forumynyň guraçylygy boýunça işleri utgaşdyrýar

Awgust aýynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) halkara derejesinde işjeň taýýarlyk görmegiň çäginde Türkmenistanyň Awstriýadaky ilçisi Hemra Amannazarow BMG-niň Wenadaky ştab-kwartirasynda Birleşen Milletler Guramasynyň senagat taýdan ösüş guramasynyň (UNIDO) Baş direktorynyň orunbasary hanym Fatu Haýdara netijeli duşuşyk geçirdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler durnukly ösüşini goldamaga gönükdirilen hyzmatdaşlygyň esasy taraplaryny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyrlar. Taraplar 2025-nji ýylyň 5-8-nji awgusty aralygynda LLDC3 maslahatyna taýýarlyk bilen baglanyşykly meseleler boýunça pikir alyşdylar.

Bu duşuşyk, LLDC3 maslahatynyň öňisyrasynda Türkmenistanyň halkara guramalary bilen özara hyzmatdaşlygynyň giň gerimine ünsi çekýär, forumyň hemmetaraplaýyn goldawyny we üstünlikli geçirilmegini üpjün etmek maksady bilen durmuşa geçirilýän işleri görkezýär, senagat taraplaryna we durnukly ösüşe aýratyn üns berýär.

UNIDO deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlarda durnukly üpjünçilik zynjyrlary, arassa energiýa, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek we azyk howpsuzlygy boýunça işleýär. UNIDO-nyň tagallalary telekeçiligi hem-de kiçi we orta kärhanalary goldamagy, şeýle hem tehnologiýa we bilim alyş-çalşyna maýa goýumlaryny ösdürýär.

ORIENT

Foto: austria.tmembassy.gov.tm

Şeýle hem okaň: