Iň täze habarlar

Türkmen-italýan işewürlik forumy köpugurly hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açýar

26.10.2025 | 08:30 |
 Türkmen-italýan işewürlik forumy köpugurly hyzmatdaşlygyň täze sahypasyny açýar

Italiýa resmi saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna gatnaşdy. Bu çäre iki ýurduň işewür toparlarynyň wekillerini bir ýere jemledi. Türkmenistanyň Prezidentiniň gatnaşan forumy söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmagyň täze tapgyry hökmünde kabul edildi.

Italiýanyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy boýunça Döwlet sekretarynyň orunbasary Jorjo Silli forumyň açylyşynda belleýşi ýaly, bu çäräniň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary has-da ýakynlaşdyrmak üçin ýene bir möhüm ädimdir.

“Hökümet italýan kompaniýalarynyň Türkmenistanda energetika, infrastruktura we önümçilik pudaklarynda, şeýle hem goranmak we howpsuzlyk pudagynda açylýan möhüm mümkinçilikler üçin netijeli bäsleşip bilmegini üpjün etmek üçin tutanýerli tagallalary edýär” – diýip, ministriň orunbasary nygtap, Merkezi Aziýanyň ählumumy geosyýasy deňagramlylygy üçin strategik ähmiýetiniň artýandygyny we ony Italiýa bilen birleşdirýän çuňňur gatnaşyklary belledi. Munuň subutnamasy hökmünde Merkezi Aziýanyň bäş ýurdy bilen “1+5” formatynda döwürleýin maslahatlaryň mehanizminiň işjeňleşdirilmegini görkezmek bolar.

Ýurduň ösüş mümkinçiligi örän ýokary, muny Italiýanyň işewür toparlarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça tagallalaryna bolan gyzyklanmasy hem görkezýär. Italiýanyň DIM-i Italiýanyň Söwda agentligi (ICE) we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi tarapyndan bilelikde guralan çärä iki ýurduň guramalarynyň we işewürleriniň 150-den gowrak wekili gatnaşdy. Çäräniň dowamynda, esasanam dokma, energetika we kiberhowpsuzlyk pudaklarynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi.

Prezident Serdar Berdimuhammedow gatnaşyjylaryň öňünde eden çykyşynda duşuşygyň esasy maksadynyň – göni işewür dialogy arkaly ikitaraplaýyn gatnaşyklara güýçli itergi bermek we hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmak üçin hakyky şertleri döretmekdigini nygtady.

25102025-rim-biznes-forum-turkmenistan (1).jpg

Strategik ösüşiň dört ugry

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň uzak möhletleýin ösüş mümkinçiliklerini kesgitleýän we italýan işewürligi üçin giň mümkinçilikleri açýan dört strategik maksady belläp geçdi:

Senagatlaşma. Ykdysadyýetiň çig mala esaslanýan nusgasyndan senagat nusgasyna geçmek, ýokary tehnologiýaly we ylmy talap edýän önümçilikleri ornaşdyrmak, daşky gurşawa zyýan ýetirmeýän ýapyk aýlawly “ýaşyl” ykdysadyýeti döretmek arkaly milli ykdysadyýeti düýpli özgertmek.

Diwersifikasiýa: Ykdysadyýeti düzümleýin, şeýle hem geografik taýdan diwersifikasiýalaşdyrmak şol sanda himiýa, dokma senagaty, oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek, gurluşyk serişdelerini öndürmek ýaly pudaklaryň döwrebaplaşdyrmak.

Ulag merkezi. Ýurdy Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça ulag gatnawlarynyň merkezleriniň birine öwürmek we döwrebap ulag-logistika infrastrukturasyny döretmek.

Uglewodorodlary gaýtadan işlemek. Tebigy gazy gaýtadan işlemek, eksport ugurly ýokary hilli önümleri öndürmek boýunça doly derejeli milli pudagyň döredilmegi.

Italiýan işewürligi üçin teklipler

Prezident Serdar Berdimuhammedow hyzmatdaşlygyň giňeldilmeli strategik ugurlaryna ünsi çekdi.

Energetika we üstaşyr geçiriş: Türkmenistan energetika üpjünçiligi üçin günbatar ugruň mümkinçilikleri boýunça gyzyklanma bildirilýän dialoga taýýar. Döwlet Baştutany italýan kompaniýalaryny Türkmenistandan ýewropa ýurtlaryna elektrik energiýasyny ibermek boýunça taslamalary maliýeleşdirmäge çagyrdy. (şol sanda Hazaryň türkmen kenarýakasynda kuwwaty 1574 megawatt elektrik stansiýasynyň gurluşygyna). Şeýle hem gün we ýel energiýasy ulgamynda hyzmatdaşlyk teklip edildi.

Logistika we ulag: Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda hazar-ortaýer deňzi geçelgesini döretmekde iki ýurduň esasy orun eýelärndigi bellenildi. Italýan işewür toparlaryna hazarüsti üstaşyr ýük daşamalary üçin Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň logistika mümkinçiliklerinden peýdalanmak şeýle hem Türkmenistanyň demir ýol ulgamlaryny döwrebaplaşdyrylmagyna gatnaşmak teklip edildi.

Dokma senagaty: Türkmenistanda italýan kompaniýalarynyň enjamlarynyň müňe golaýynyň ulanylýandygyny göz öňünde tutup, egin-eşikleri öndürmek boýunça bilelikdäki kärhanalary döretmek teklip edildi. Italiýanyň tehnologiýasynyň we tejribesiniň goşandy tutuş üpjünçilik zynjyrynyň ösüşine, taýýar önümleriň eksportynyň möçberini we gymmatyny artdyrmaga goşant goşup biler.

Bank-maliýe pudagy: Maliýe we karzlaşdyryş ulgamyny kämilleşdirmek boýunça Italiýanyň “SACE” döwlet-karzlaşdyryş agentligi bilen Türkmenistanyň banklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin goldaw bermäge taýýardygy tassyklanyldy.

Sanlylaşdyrmak: Ýokary tehnologiýaly ugurlarda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi – aragatnaşyk, kommunikasiýalar, informatika, kosmonawtika, “akylly” şäherleri döretmek. Italiýanyň ENI (metan zyňyndylaryny azaltmak strategiýasyny goldaýar), “Leonardo S.p.A.” (Türkmenistany Merkezi Aziýada esasy strategik hyzmatdaş diýip atlandyrdy) we “Italferr” (ýurduň logistika merkezi hökmündäki ornuny nygtady) kompaniýalarynyň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

25102025-rim-biznes-forum-turkmenistan (2).jpg

Forumda gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalaryň bukjasy

Forumyň jemleri boýunça we ondan soňky bölümçeleýin mejlislerden soň, uzak möhletleýin hyzmatdaşlyga gönükdirilen ikitaraplaýyn resminamalaryň möhüm toplumyny alyşmak we gol çekişmek dabarasy geçirildi.

Olaryň arasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Italiýa Respublikasynyň Daşary işler we halkara hyzmatdaşlygy ministrliginiň arasynda işgärleri taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama bar.

Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ulgamyndaky gatnaşyklar iki ýurduň Hökümetleriniň arasyndaky Medeniýet ulgamynda hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşykda, şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Italiýanyň RAI jemgyýetçilik teleradioýaýlym kompaniýasynyň arasyndaky özara düşünişmek baradaky Ähtnamada berkidildi.

Şeýle hem, geljekki gümrük hyzmatdaşlygy hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Italiýanyň gümrük we monopoliýa agentliginiň arasynda bilelikdäki Jarnama kabul edildi.

Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň ýanyndaky Döwlet kiberhowpsuzlyk gullugy bilen “Leonardo-Societa per azioni” kompaniýasynyň arasynda gizlinlik hakynda Ylalaşyk baglaşyldy. Şeýle hem, Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi şol kompaniýa bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

Dokma senagatynda birnäçe ylalaşyklara gol çekildi: Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi bilen Italiýanyň öňdebaryjy dört kompaniýasy: “Marzoli Machines Textile S.M.L.”, “Itema SpA”, “MCS dyeing & finishing machinery” we “Savio Maccine Tessili SpA.” arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň Energetika ministrligi bilen “Pietro Fiorentini S.p.A.” kompaniýasynyň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir.

Türkmen-italýan işewürlik forumynyň üstünlikli geçirilmegi we gol çekilen ylalaşyklaryň giň toplumy taraplaryň uzak möhletleýin we netijeli hyzmatdaşlygyň çäklerini giňeltmäge isleg bildirýändigini görkezdi.

Şeýle hem, çärä italýan kompaniýalary bilen türkmen hyzmatdaşlarynyň arasynda resmi däl duşuşyklaryň birnäçesi geçirildi.


Italiýanyň Söwda agentliginiň (ITA/ICE) maglumatlaryna görä, 2025-nji ýylyň birinji alty aýynda Türkmenistan bilen umumy söwda 44,5 million ýewro deň boldy. Italiýanyň ýurda eksporty barha diwersifikasiýalaşýar, şol sanda senagat myşynlary, ulag enjamlary, himiýa önümleri we dokma senagaty ýaly pudaklar üçin tehnologiýalar.

ORIENT

Foto: ice.it

Şeýle hem okaň: