OpenAI Google bilen bäsleşýän ChatGPT Atlas atly brauzerini işe girizdi
26.10.2025 | 16:00 |OpenAI resmi taýdan täze emeli aňly brauzerini — ChatGPT Atlas-y tanyşdyrdy. Kompaniýanyň pikiriçe, bu brauzer internete girmegiň adaty tertibini üýtgetmäge gönükdirilen. Atlas, ulanyjynyň gyzyklanmalaryny ýatda saklap bilýän we ses arkaly berilýän buýruklar esasynda biletleri öňünden sargyt etmek, resminamalary redaktirlemek ýaly gündelik işleri ýerine ýetirip bilýän doly hukukly emeli aňly agenti özünde jemleýär.
Täze brauzeriň tanyşdyrylyşy 22-nji oktýabrda bolup geçdi. OpenAI-niň baş direktory Sem Altman, Atlas-yň internetde ulanyjy üçin hemişelik “ýoldaş” bolmak üçin döredilendigini belläp, onuň Google kompaniýasynyň önümleri we Perplexity ýaly täze emeli aňly gözleg ulgamlary bilen göni bäsleşjekdigini nygtady.
Adaty brauzerlerden tapawutlylykda, Atlas ulanyjynyň hereketleriniň taryhyny we gyzyklanmalaryny ýatda saklaýan emeli aň agentini ulanýar, netijede ol wagt geçdigiçe has şahsylaşdyrylýar.
Esasy aýratynlyklary:
• Emeli aň awtomatizasiýasy: Brauzer bileteri öňünden sargyt etmek, resminamalary redaktirlemek ýa-da internet arkaly sargyt etmek ýaly gündelik işleri ulanyjynyň ýönekeý buýruklary arkaly ýerine ýetirip bilýär.
• Bölünen ekran (Cursor chat): Gözleg wagtynda brauzer sahypany we ChatGPT bilen söhbeti bir wagtda görkezýär. Bu bolsa ulanyja tekstleriň gysgaça mazmunyny düzmek, maglumatlary barlamak ýa-da sahypadaky teksti göni redaktirlemek mümkinçiliklerini berýär.
ChatGPT Atlas eýýäm macOS ulgamy üçin elýeterlidir. Windows, iOS we Android ulgamlary üçin görnüşleri ýakyn wagtda çykarylar. OpenAI onuň “ähli ýurtlarda” işe giriziljekdigini aýdýar, emma başlangyç tapgyrda diňe ChatGPT işleýän döwletlerde elýeterli bolmagy mümkin.
Emeli aň brauzer bazary häzirki wagtda çalt ösýär: Google öz Gemini kömekçisini Chrome-a ornaşdyrýar, Perplexity bolsa ýakynda Comet atly emeli aň gözleg ulgamyny tanyşdyrdy. OpenAI bolsa Chrome, Firefox we Apple kompaniýalarynyň öňki hünärmenlerinden ybarat toparyň işläp düzen çuň integrasiýaly emeli aň agenti arkaly tapawutlanmagy maksat edinýär.
ORIENT