Iň täze habarlar

Rimde Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Serjio Mattarellanyň arasynda gepleşikler geçirildi

25.10.2025 | 01:40 |
 Rimde Prezidentler Serdar Berdimuhamedow bilen Serjio Mattarellanyň arasynda gepleşikler geçirildi

24-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhammedow Italiýa Respublikasyna resmi sapar bilen bardy. Rimde garşylamak dabarasyndan soňra Prezident Serdar Berdimuhammedow “Altare della Patria” ýadygärlik binasynda näbelli esgeriň guburyna gül çemenini goýdy.

Saparyň esasy wakasy Italiýa Respublikasynyň Prezidenti Serjio Mattarella “Kwirinale” köşgünde geçirilen gepleşikler boldy. Döwlet Baştutanlary dürli ugurlar boýunça dilaog geçirip, häzirki duşuşygyň özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga güýçli itergi bermegi maksat edinýändigini nygtadylar.

peregovory-rim-turkmenistan-italiya (1).png

Prezident Serdar Berdimuhammedow Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny yzygiderli goldaýandygy üçin Italiýa minnetdarlyk bildirdi we şu ýylyň aprel aýynda geçirilen birinji “Merkezi Aziýa — Italiýa” sammitiniň ähmiýetini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, Prezident Serjio Mattarella türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhammedowyň iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji ýylyň 12-nji dekabrda Aşgabatda geçiriljek halkara foruma gatnaşmaga çagyrdy.

peregovory-rim-turkmenistan-italiya (2).JPG

Strategiýa we ykdysady ileri tutulýan ugurlar

Italiýa Türkmenistanyň Ýewropa Bileleşigindäki iň uly we iň ygtybarly söwda hyzmatdaşlarynyň biridir. Ykdysady hyzmatdaşlyk köpugurly häsiýete eýe bolup, özara haryt dolanyşygynyň ýylsaýyn depginli ösüşi bilen tapawutlanýar.

Şu gezekki saparyň gün tertibinde energetika hyzmatdaşlygynyň strategik diwersifikasiýasyna aýratyn üns berilýär. Tebigy baýlyklaryň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan Italiýa ygtybarly hyzmatdaş hökmünde garaýar.

Italýan kompaniýalary öz tejribelerini hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary ulanyp, energetika ulgamyndaky iri taslamalara işjeň gatnaşýandygyny bellemek möhümdir. Mundan başga-da, ulag, infrastruktura we ýurduň ykdysady pudaklaryna italýan maýa goýumlaryny çekmek ýaly ugurlarda ägirt uly mümkinçilikler bar.

peregovory-rim-turkmenistan-italiya (3).JPG

Arheologik köprü: taryhdan häzirki zamana çenli

Medeni-ynsanperwer dialogy türkmen-italiýan gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Iki ýurt hem birek-biregiň özboluşly baý taryhyny şeýle hem medeni mirasyny öwrenmäge gyzyklanma bildirýärler. Arheologiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlyk iň netijeli ugurlaryň biri bolup durýar. Italýan professorlary hem-de arheologlary dünýä ylmyna we sebitiň taryhyny çuňňur öwrenmäge uly goşant goşup, köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň çägindäki taryhy ýerlerde gazuw-agtaryş işlerine işjeň gatnaşyp gelýärler.

Ikitaraplaýyn duşuşygyň ahyrynda döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň we Italiýa Respublikasynyň dürli ugurlar boýunça özara peýdaly hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine ygrarlydygyny tassykladylar.

ORIENT

Foto: quirinale.it

Şeýle hem okaň: