Türkmenistanly gatnaşyjy «Tatar gyzy-2025» gözellik bäsleşiginde ýeňiji boldy
12.09.2025 | 14:10 |Orenburgda «Tatar gyzy-2025» Halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. Oňa ýurduň we dünýäniň dürli künjeklerinden 30-a golaý gözeli gatnaşdy, emma jemleýji tapgyra Tatarystandan, Başgyrtystandan, Krasnodar ülkesinden, Moskwadan, Moskwa, Orenburg, Penza, Týumen oblastlaryndan, şeýle-de Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden we Türkmenistandan gelen 12 gözel çykdy.
Bir hepdäniň dowamynda bäsleşige gatnaşyjylar Kazanda ýaşadylar: aýdym-saz, horeografiýa, çeper okaýyş sungaty bilen meşgullandylar we Tatarystanyň meşhur zenanlary bilen duşuşdylar.
Jemleýji tapgyr bolsa Orenburgdaky «Gazowik» Medeniýet we sport köşgüniň sahnasynda geçirildi. 12 gatnaşyjy aýdym aýtdy, tans etdi, döredijilik çykyşlaryny görkezdi we milli däpler barada gürrüň berdi. Netijede, ýeňiş Türkmenistandan gelen 25 ýaşly Alsu Rafikowanyň paýyna düşdi. Oňa geçme täç, milli tatar bezegi hasite we «Lada-Granta» awtoulagy sowgat berildi.
Alsu Rafikowa Daşoguz şäherindäki 7-nji orta mekdepde himiýa mugallymy bolup işleýär. Ol ýaşlygyndan tans bilen gyzyklanýar we mekdebinde okuwçylara aýdym-sazly, tansly medeni çäreler gurnaýar.
— Maşgala tatar halky üçin durmuşyň özeni, ruhy ýylylygyň we terbiýäniň çeşmesidir. Adamyň ruhy dünýäsi ilkinji nobatda maşgalada emele gelýär, ilkinji endikler, ene dili, adatlary şol ýerde siňýär. Men öz taryhy Watanymdan uzaklarda ýaşaýandygymyza garamazdan, maşgalamyzyň şol tatar gurşawyny saklap galandygy üçin, buýsanmak bilen özümi «tatar gyzy» diýip atlandyryp bilerin. Bäsleşik barada aýtsam, ähli jemleýji tapgyra gatnaşanlar «Tatar gyzy-2025» diýen abraýly ada mynasyp. Sebäbi olaryň hemmesi aýratyn zehinli, owadan we hoşniýetli — diýip, bäsleşigiň ýeňijisi Alsu Rafikowa aýtdy.
Bäsleşik Bütindünýä Tatar kongresi we «Tatar gyzy» müdiriýeti tarapyndan Tatarystan Respublikasynyň hökümetiniň goldawy bilen geçirilýär diýip, 56.ru habar berýär.
ORIENT