Daşkentda Arkadag şäheriniň lukmançylyk klasteriniň tanyşdyrylyşy geçirildi
11.09.2025 | 21:50 |Daşkent şäherinde Türkmenistanyň Özbegistan Respublikasyndaky Ilçisi Şadurdy Meredow bilen Özbegistan Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministri Asilbek Hudaýarowyň arasynda duşuşyk geçirildi. Taraplar saglygy goraýyş, farmasewtika, lukmançylyk bilimi, we tejribe alyşmak ugrundaky hyzmatdaşlygyň geljegini ara alnyp maslahatlaşdylar.
Türkmen wekiliýeti Arkadag şäherinde iri lukmançylyk klasteriniň döredilişi we bu klasteriň derman serişdelerini işläp taýýarlamak, dürli görnüşli lukmançylyk önümlerini öndürmek boýunça alyp barýan ylmy-barlag işleri barada maglumatlary berdi. “Arkadag Medisina Klasteri Menejment” kärhanasynyň Türkmenistanyň Döwlet sertifikatlaşdyryş ulgamy tarapyndan sertifikatlaşdyrylandygy aýratyn nygtaldy.
Saparyň dowamynda W.Wahidow adyndaky hirurgiýa boýunça Özbegistan Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ylmy-amaly lukmançylyk merkeziniň binasynda iri lukmançylyk klasteriniň taslamasynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Çärä Özbegistanyň lukmançylyk merkezleriniň ýolbaşçylary we işewürler topary gatnaşdy.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Arkadag şäherinde döredilýän lukmançylyk klasteri öňdebaryjy dünýä tejribesine esaslanyp, ylmy-barlag işlerini geçirmek, tehnologiýalaryny işläp taýýarlamak, enjamlaryny öndürmek we hünärmenleri taýýarlamak üçin innowasion meýdança bolar.
ORIENT