ABŞ-da iňlisçe–türkmençe sözlük neşir edildi
12.09.2025 | 16:15 |Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 34 ýyllygyna hem-de hemişelik Bitaraplygynyň ýubileý 30 ýyllygyna gabatlanyp, çapa taýýarlanan “Makul iňlisçe–türkmençe sözlük” Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda neşir edilip, häzirki wagtda “Amazon” platformasynda satuwa çykaryldy. Kitaby bu linkden satyn alyp bilersiňiz!
Giň gerimli sözlük — 16 500 söz, ýörite adalgalar
Täze sözlük jemi 16 500 iňlis dilindäki sözleri we olaryň on müňlerçe türkmen dilindäki terjimelerini özünde jemleýär. Ol diňe umumy sözler bilen çäklenmän, hukuk, işewürlik, lukmançylyk, sport, emeli intellekt ýaly ugurlardaky ýöriteleşdirilen adalgalary hem öz içine alýar.
Bu neşir dürli toparlar üçin peýdaly gollanma bolup hyzmat eder: okuwçylar, talyplar, terjimeçiler, hukukçylar, ykdysadyýetçiler, lukmanlar, IT hünärmenler we halkara gatnaşyklary bilen meşgullanýan ähli okyjylar üçin giň mümkinçilikleri açýar. Kitabyň awtory we baş redaktory Dr. Döwran Orazgylyjow bolup durýar.
Halkara derejesinde ýokary baha
Sözlügiň girişi boýunça dünýäniň öňdebaryjy alymlary we ýolbaşçylary öz beýanatlary bilen çykyş etdiler. Olar - S. Frederik Starr (Amerikanyň Daşary syýasat geňeşinde Ýewraziýa boýunça alym, Jon Hopkins uniwersitetiniň professory) bu sözlügiň “Türkmen diliniň halkara derejesinde öz mynasyp ornuny almagyna” mümkinçilik berýändigini belläp, ony “diller arasyndaky möhüm köpri” hökmünde häsiýetlendirdi.
Erik Stýuart (ABŞ–Türkmenistan işewürlik geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory) bolsa: “Açyk aragatnaşyk söwda we maýa goýumlaryň esasynda durýar. Bu kitap ýurtlarymyzyň arasyndaky uzakmöhletleýin hyzmatdaşlygyň giňelmegine hyzmat eder” diýip belledi.
ORIENT news