Iň täze habarlar

Türkmenistanda Azerbaýjanda metjit gurmak barada tender yglan edildi

12.09.2025 | 12:23 |
 Türkmenistanda Azerbaýjanda metjit gurmak barada tender yglan edildi

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde metjidiň taslamasyny taýýarlamak we gurmak boýunça baha teklipleri görnüşinde tender yglan etdi.

Gyzyklanýan taraplaryň arzalary we teklipleri 2025-nji ýylyň 22-nji sentýabryna çenli Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Marketing we daşary ykdysady aragatnaşyklar müdirliginde kabul edilip, hasaba alynýar.

Resminamalary tabşyrmaly salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 84. Habarlaşmak üçin telefonlar: 44-46-77, 44-46-64. Bu bildiriş «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetiniň şu günki sanynda çap edildi.

Mundan ozal habar berlişi ýaly, Türkmenistan Azerbaýjanyň Fizuli şäherinde sowgat hökmünde metjit gurar.

"Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň Fizuli şäherinde sapar bilen bolanda, Türkmenistandan sowgat hökmünde metjidiň gurulmagy teklip edildi. Men bu teklibi minnetdarlyk bilen kabul etdim» — diýip, Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda geçirilen üçtaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça bilelikdäki metbugat maslahatynda aýtdy.

ORIENT

Foto: depositphotos

Şeýle hem okaň: