Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana bardy

07.10.2025 | 13:00 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana bardy

7-nji oktýabrda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji sammitine gatnaşmak üçin Azerbaýjana bardy.

Belent mertebeli myhmany garşylamak üçin Gabala Halkara howa menzilinde hormatly garawul gurnaldy. Howa menzilinde Gurbanguly Berdimuhamedowy Azerbaýjanyň Medeniýet ministri Adil Kerimli we beýleki resmi adamlar garşyladylar.

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew TDG-niň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň 12-nji Sammitine gatnaşýan döwletleriň we hökümetleriň ýolbaşçylaryny Gabala şäherinde garşylady.

Foto: AZERTAJ

Şeýle hem okaň: