Iň täze habarlar

Saud Arabystany «Patyşa Salman derwezesi» atly taslamany işe girizýär

20.10.2025 | 17:55 |
 Saud Arabystany «Patyşa Salman derwezesi» atly taslamany işe girizýär

Mirasdar şazada, premýer-ministr we RUA AlHaram AlMakki kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Mohammed bin Salman bin Abdulaziz Al Saud «Patyşa Salman derwezesi» taslamasynyň işe girizilýändigini habar berdi. Bu taslama Mukaddes Mekge şäherinde durmuşa geçirilmeli giň göwrümli köpugurly toplumdyr.

Umumy meýdany 12 million inedördül metre barabar bolan bu toplum Al-Haram metjidiniň golaýynda ýerleşýär. Ol Mekgäniň taryhyndaky iň iri şähergurluşyk taslamalarynyň biri bolup, şäheriň merkeziniň ösdürilmegine hem-de Mekgäniň häzirki zaman şäher meýilleşdirilişiniň dünýä derejesindäki merkezi hökmünde abraýyny pugtalandyrmaga gönükdirilendir.

Bu başlangyç zyýarat tejribesini kämilleşdirmek maksatnamasynyň çäklerinde Al-Haram metjidine elýeterliligi gowulandyrmagy, hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmagy we zyýaratçylar üçin amatly şertleri üpjün etmegi göz öňünde tutýar.

Taslamanyň işläp taýýarlaýjysy RUA AlHaram AlMakki kompaniýasy bolup, ol PIF – Köpçülikleýin maýa goýum gaznasyna degişli. Kompaniýa durnukly ösüş strategiýasyny, serişdeleri jogapkärli dolandyrmagy hem-de Mekgäniň medeni özboluşlylygyny saklamak we şäher infrastrukturasyny gowulandyrmak ugrunda iş alyp barýar.

Toplumda ýaşaýyş jaýlary, myhmanhana, söwda we medeni zolaklar ýerleşer, şeýle hem içerde we açyk meýdanda jemi 900 müň töweregi namaz okalýan ýer dörediler. Taslama köpçülikleýin ulag ulgamy bilen integrirlenip, hereketi ýeňilleşdirer we şäher infrastrukturasyna düşýän agramy azaldar.

Binagärlik çözgüdi boýunça toplumda Mekgäniň adaty keşbi bilen häzirki zaman tehnologiýalarynyň sazlaşygy gazanylar. Şeýle hem şäheriň taryhy we ruhy mirasyny goramak maksady bilen, 19 müň inedördül metre barabar medeni miras desgalary dikeldiler we abadanlaşdyrylar.

Taslama 2036-njy ýyla çenli 300 müňden gowrak iş orny döreder we Saud Arabystanynyň ykdysady özgertmelere gönükdirilen Vision 2030 maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagyna goşant goşar.

ORIENT

RUA AlHaram AlMakki Al-Haram metjidiniň töwereginde köpugurly toplumlary döretmäge ýöriteleşendir we öz işinde halkara hil hem-de durnuklylyk standartlaryna eýerýär. Kompaniýanyň esasy maksady şäher gurşawyny gowulandyrmak we ýaşaýjylara hem-de zyýaratçylara has ýokary amatly şertleri üpjün etmekden ybaratdyr.

Foto: saudipedia.com

Şeýle hem okaň: