Aşgabatda BMG-niň 80 ýyllygyna bagyşlanan “Umydyň we parahatçylygyň sazy” ýaňlanar
24.10.2025 | 20:15 |Türkmenistan, Birleşen Milletler Guramasynyň strategik hyzmatdaşy hökmünde, BMG-niň hyzmatdaşlary bilen bilelikde bu halkara guramanyň 80 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň toplumyny geçirýär. Möhüm dabaralaryň biri 28-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynda bolar. Bu çäre Türkmenistanyň we BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasynda duran parahatçylyk, ynanyşmak we durnukly ösüş ýaly umumy gymmatlyklary nygtamagy maksat edinýär.
Dabaraly agşam sagat 16:00-da “BMG-niň taryhy pursatlary” atly surat sergisiniň açylmagy bilen başlanar. Sergide Guramanyň sekiz onýyllygyň dowamynda geçiren esasy ösüş tapgyrlary şekillendiriler. Sagat 16:30-da bolsa “Umydyň we parahatçylygyň sazy” atly konsert başlanar. Döwlet simfoniki orkestriniň ýolbaşçysy Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda meşhur sungat ussatlary tarapyndan ynsanperwerlik gymmatlyklaryny wasp edýän eserler ýerine ýetiriler.
Myhmanlaryň rahatlygy üçin simfoniki konsertiň giňişleýin meýilnamasy çäräniň bildirişinde ýerleşdirilen QR belgisi arkaly elýeterlidir.
Çäre hemmeler üçin açykdyr, giriş mugt. Paýtagtymyzyň ilaty we myhmanlary geljek üçin halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga bagyşlanan bu ähmiýetli çäräniň bir bölegi bolmaga çagyrylýar.

ORIENT