Iň täze habarlar

“Filosof Zhu Xi we global siwilizasiýanyň diology” atly halkara ylmy maslahaty

27.10.2025 | 16:00 |
 “Filosof Zhu Xi we global siwilizasiýanyň diology” atly halkara ylmy maslahaty

Golaýda HHR-nyň Fujian welaýatynyň Nanpin şäherinde “Filosof Zhu Xi we global siwilizasiýanyň diology” atly halkara ylmy maslahaty geçirildi. Halkara ylmy maslahata Hytaýyň Jemgyýetçilik ylymlary akademiýasy, Halkara Konfutsi assosasiýasy we Fujian welaýatynyň Halk hökümeti tarapyndan bilelikde guraldy. Oňa 51 ýurtdan we sebitden 200-e golaý bilermenler we alymlar gatnaşdy. Çäräniň mowzugy häzirki döwürde Zhu Xi medeniýetiniň gymmatlyklaryny ösdürmek, global siwilizasiýalaryň özara öwrenilmegine we sazlaşykly ýaşamagyna ýardam etmek ýaly meseleleri öz içine alýar. Mundan başga-da dünýä alymlary bu halkara ylmy maslahat-da häzirkizaman hytaý-günbatar medeni alyş-çalyşy we siwilizasiýalary birek-birege öwretmek şeýle-de global dolandyryş nukdaýnazaryndan Zhu Xi medeniýetiniň paýhasyny ara alyp maslahatlaşdylar.

1

Şeýle-de Dünýä alymlary öz halklarynyň milli akyldarlarynyň filosofiki garaýyşlarynyň şu günki gün siwilizasiýalaryň özara gatnaşyklaryna täsiri hakynda durup geçdiler. Halkara ylmy maslahatynda Hytaýyň Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň Beýik Ýüpek ýoly arheologiki hyzmatdaşlyk ylmy-barlag merkeziniň uly ylmy işgäri Serdar Maşarykow çykyş edip, ol “Magtymguly we Konfusiý adamzadyň iň beýyk akyldarlary” atly temada çykyş etdi. Bu temanyň mazmunynda iki akyldaryň taryhy döwürleri uzak hem bolsa olaryň käbir filosofiki garaýyşlarynyň birmeňzeş bolup, bütün adamzat üçin ruhy mekdepdegi nygtaldy.

Şeýle-de olaryň ideýalarynyň pikirlenmegiň täze ölçeglerini açandygy, ahlak esaslary we amaly pelsepäni hödürländigi, olaryň çuňňur mazmunynyň bolsa biziň döwrümiziň kynçylyklaryna we mümkinçiliklerine güýçli jogap berýändigi hakyndaky pikirler bellenildi.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň HHR-daky Ilçihanasy tarapyndan berlen

Şeýle hem okaň: