Medeniýet

Akhalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna goşuldy
06.12.2023
|12:50
|1032
ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde, Botswananyň Kasane şäherinde sişenbe güni, 5-nji dekabrda Akhalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawynda hasaba almak barada gutarnykly karar berildi.

TMK-nyň talyby Halkara “Glieriň güýzi” bäsleşiginiň 1-nji derejeli baýragynyň eýesi boldy
05.12.2023
|14:15
|825
Reýngold Moritsewiç Glier - Türkmenistanyň hünär kompozisiýa mekdebiniň döremegine uly täsir eden meşhur sazanda, rus we sowet kompozitory, dirižýor, mugallym, saz we jemgyýetçilik işgäridir. Şeýlelik bilen ol 1935-1936-njy ýyllarda Aşgabatda bolup, bu ýerde ýaş sazandalary diňledi. Onuň teklibi boýunça, iň zehinli, geljekki kompozitorlar we sazandalar: Aşyr Kulyýew, Weli Muhadow, Hydyr Allanurow, Annagül Annagulyýewa, Maýa Kulyýewa we başgalar P.I Çaýkowski adyndaky Moskwa döwlet konserwatoriýasynyň türkmen bölüminde okamaga iberildi we hünär bilimini aldy.

Magtymgulynyň goşgulary rus sungat-galereýasynda ýaňlanýar
05.12.2023
|13:40
|1264
Iwanowoda “Biziň Aziýamyz” surat sergisi dowam edýär, ORIENT bu barada diňe bir gürrüň bermän, eýsem bu taslama üçin türkmen eserlerini tapmaga hem kömek etdi. Dekabr aýynda, “ArtHab” häzirki zaman sungatynyň galereýasyny bezän gündogar suratkeşleriniň çeken suratlarynyň arasynda Aziýa şahyrlarynyň goşgulary hem diňlener. Şol sanda Magtymgulynyň goşgulary hem ýaňlanar.

“Daragt” filmi “Listapad” festiwalynyň emin agzalarynyň ýolbaşçysy Igor Ugolnikowdan ýörite diplom aldy
04.12.2023
|16:34
|1021
Türkmen režissýory Sahysalyh Baýramowyň “Daragt” filmi, meşhur rus aktýory, kino režissýory, ssenarist, prodýuser we alyp baryjy, XXIX Minsk halkara “Listapad” film festiwalynyň emin agzalarynyň ýolbaşçysy Igor Ugolnikow tarapyndan ýörite diplom bilen sylaglandy.

«Magtymguly Pyragy» portaly döredildi
04.12.2023
|13:35
|1977
Türkmenistanda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp, «Magtymguly Pyragy» atly portaly döredildi.

Aşgabatda kompozitor Daňatar Hydyrowyň döredijilik agşamy geçirild
04.12.2023
|00:25
|2176
Ýakynda Türkmenistanyň Bitaraplyk güni mynasybetli, Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda kompozitor, Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Daňatar Hydyrowyň döredijilik agşamy geçirildi.

Aşgabatda özüne çekiji konsert geçirildi
03.12.2023
|01:39
|1139
Dekabr aýynyň ilkinji günlerinde tutuş dünýä iki sany ajaýyp senäniň - Halkara maýyplar gününiň we Bütindünýä meýletinçiler gününiň öňüsyrasynda dur. Bu dynç baýramlaryň öňüsyrasynda "Ýeňme" jemgyýetçilik guramasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Halkara Ösüş Agentligi (USAID) bilen simwoliki şygary - "Şol bir tolkunda" atly gala konsertini gurady.

Aşgabatdaky Rus drama teatrynda Ostrowskiniň «Möjekler we goýunlar» atly täze spektakly sahnalaşdyryldy
02.12.2023
|10:27
|1003
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary A.N.Ostrowskiniň adybir eseriniň esasynda «Möjekler we goýunlar» atly täze spektaklyny sahnalaşdyrdy. Komediýa žanryndaky spektaklyň režissýor-goýujysy Türkmenistanyň at gazanan artisti Olga Wolkowadyr.

K-POP: BTS-iň galan agzalary hem goşuna goşulýarlar
30.11.2023
|11:14
|611
Günorta Koreýanyň BTS- RM toparynyň dört agzasy (Kim Namjun), Çimin, Wi (ol Kim Tehýen) we Çonguk - harby gulluk borçlaryny ýerine ýetirmäge başladylar. BIGHIT MUSIC agentligi bu habary “Weverse” platformasyndaky resmi beýanynda tassyklady.

“Parahatçylygyň ýaňy”: Yslamabatda Magtymgula bagyşlanan maslahat geçirildi
29.11.2023
|20:57
|996
Türkmenistanyň Pakistandaky ilçihanasy Yslamabat Parahatçylygy öwreniş we diplomatiýa instituty bilen bilelikde Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Magtymguly Pyragy we häzirki zamanda halklaryň dostlugy” atly ylmy-amaly maslahat geçirdi.