Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy bilen Belarus ynsanperwer dialogy ösdürýär

13.07.2025 | 20:25 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasy bilen Belarus ynsanperwer dialogy ösdürýär

12-nji iýulda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Atabaýewa Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Stanislaw Çepurnoý bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we Belarusyň degişli guramalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin anyk mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşdylar. Esasy tema çagalaryň saglygyny goramak hem-de goldamak ugrundaky tagallalaryň birleşdirilmegi boldy. Bu bolsa tejribe alyşmak we bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar.

Ilçi Stanislaw Çepurnoý Belarusyň Çagalar gaznasynyň müdiriýetiniň başlygy Lýudmila Kondraşowanyň Gaznanyň wise-prezidente iberen minnetdarlyk hatyny gowşurdy. Mundan başga-da Belarus tarapy ýörite sowgady – çagalar üçin ýörite döredilen ösüş toplumyny gowşurdy.

Oguljahan Atabaýewa Arkadag şäherindäki Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna gowşurylan minnetdarlyk haty we çagalara sowgat üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny bildirdi. Taraplar Türkmenistan bilen Belarus Respublikasynyň arasyndaky ynsanperwer ugurdaky hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we pugtalandyrylmagyna uly ynam bildirdiler. Munuň özi bolsa ýaş nesil hakdaky aladanyň ýokary ýörelgelerine özara ygrarlylygy nygtaýar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: