Iň täze habarlar

Akhalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna goşuldy

06.12.2023 | 12:50 |
 Akhalteke atçylyk sungaty ÝUNESKO-nyň medeni mirasynyň sanawyna goşuldy

ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasy goramak boýunça Hökümetara komitetiniň 18-nji mejlisinde, Botswananyň Kasane şäherinde sişenbe güni, 5-nji dekabrda Akhalteke atçylyk sungatyny we atlary bezemek däplerini ÝUNESKO-nyň maddy däl medeni mirasynyň Reprezentatiw sanawynda hasaba almak barada gutarnykly karar berildi.

Türkmenistan tarapyndan hödürlenen teklibi Hökümetara komitetiň 24 agza döwletiniň hemmesi biragyzdan goldady. Şeýle hem garaşsyz hünärmenler we BMG-niň bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň baha beriş topary tarapyndan berlen ýokary we oňyn bahany bellemelidiris.

Umuman alanyňda, mejlisiň birinji gününde Komitet 15 sany milli dalaşgärlige garady. Hepdäniň ahyryna, 9-njy dekabra çenli dowam etjek mejlisiň çäginde Hökümetara komitet ýene-de 40 sany teklibe garamagy meýilleşdirýär.

ORIENT news

Foto: Shutterstock

Şeýle hem okaň: