Iň täze habarlar

Aşgabatdan Seula ilkinji yzygiderli uçar gatnawy ýola goýuldy

14.07.2025 | 11:00 |
 Aşgabatdan Seula ilkinji yzygiderli uçar gatnawy ýola goýuldy

Şu gün, 14-nji iýulda sagat 9:05-de Aşgabadyň Halkara howa menzilinden Seula ilkinji yzygiderli uçar gatnawy amala aşyryldy. Täze uçar gatnawynyň açylmagy mynasybetli howa menzilinde bildiriş berildi we ýolagçylara bu waka bilen gutlaglar ýetirildi.

рейс Ашхабад-Сеул

Yza Seuldan Aşgabada uçar 15-nji iýulda ýerli wagt bilen sagat 22:45-de ugrar. Gaýdyşyn uçaryň biletiniň bahasy 2924,5 manatdyr.

Täze uçar gatnawynyň syýahatçylygyň, şeýle hem Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasynda medeni we işewür hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi bermegine garaşylýar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: