Medeniýet

V Wena baly ilkinji gezek Arkadag şäherinde geçiriler
09.10.2023
|23:12
|1094
V Wena baly Arkadag şäherinde 11-nji oktýabrda sagat 18:00-da şäher häkimliginiň binasynyň golaýynda geçiriler. Bu çäre, Awstriýanyň paýtagtynyň meri (häkimi) Mihael Lýudwigiň howandarlygynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Daşary işler ministrliginiň goldawy bilen Türkmen-Awstriýa jemgyýeti tarapyndan gurnalýar. Türkmen-Awstriýa jemgyýetiniň başlygy Neda Berger bu barada ORIENT-e habar berdi.

Türkmenistanly ýaş suratkeşler Bişkekde geçirilen Delfi oýunlarynda ýeňiji boldular
09.10.2023
|18:16
|1766
Şu günler Gyrgyzystanyň paýtagtynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna agza ýurtlaryň ýaşlarynyň arasynda 17-nji Delfi oýunlary geçirilýär. Sungat ugry boýunça geçirilýän bu özboluşly olimpiada 10 – 25 ýaş aralygyndaky 600 töweregi ýaş oglan gyzlar gatnaşýarlar. Türkmenistanly ýaşlar bu bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýarlar.

Türkmenistan türki dünýäsiniň «Korkut Ata» kinofestiwalyny kabul eder
09.10.2023
|12:40
|898
Bakuwda, ýekşenbe güni, 8-nji oktýabrda Geýdar Alyýew merkezinde, türki dünýäsiniň «Korkut Ata» III film festiwalynyň açylyş dabarasy boldy.

Änew şäheri 2024-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty adyny resmi taýdan kabul eder
08.10.2023
|19:32
|4017
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) ýurtlarynyň Medeniýet ministrleriniň Hemişelik geňeşiniň 40-njy mejlisi geljek hepde-de 13-14-nji oktýabrda, 2023-nji ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty bolan - Azerbaýjanyň Şuşa şäherinde geçiriler.

"Näzli" tans topary Hindistanda çykyş eder
07.10.2023
|16:00
|1530
"Näzli" tans topary Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide 18-20-nji oktýabrda geçiriljek halkara tans we saz festiwalynyň gatnaşýar.

Türkmen talyplary Duşanbe şäherindäki teatr festiwalynda «Baky rowaýatlar« spektaklyny görkezerler
07.10.2023
|15:07
|1572
Täjigistanyň paýtagty Duşanbe şäherinde 24-nji oktýabrdan 29-njy oktýabr aralygynda gurjak teatrlarynyň VII halkara festiwaly «Çodari Haýol» geçiriler. Bu çäre üçin «Baky rowaýatlar» spektaklyny ýörite taýýarlan Türkmen döwlet medeniýet institutynyň gurjak bölüminiň talyplary ilkinji gezek döredijilik görkezişine gatnaşarlar.

Gündogar sazlary: Moskwada türkmen kompozitorlarynyň eserleri ýaňlanar
05.10.2023
|22:47
|1948
Üç sany meşhur türkmen kompozitorynyň döredijiligine bagyşlanan “Gündogar sazlary” atly konsert 24-nji oktýabrda Moskwada “kwartirnik” (adaty öýde erkin ýagdaýda geçirilýän - konsert) görnüşinde geçiriler. Agşamky konsert programmasynda köpmilletli akademiki sazçylykda baý miras galdyran we ýurdy şöhratlandyran Nury Halmamedowyň we Orazmuhamet Gurbannyýazowyň tanyş we köp halanýan eserleri ýaňlanar.

Ankarada Magtymgulynyň döredijilik mirasyna bagyşlanan halkara konferensiýa geçirildi
05.10.2023
|14:55
|907
Penşenbe güni, 5-nji oktýabrda, Ankaranyň Sosial ylymlary uniwersitetinde “Magtymguly Pyragynyň beýik döredijilik mirasy” atly halkara konferensiýa geçirildi.

ABŞ-da Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler
04.10.2023
|16:09
|1225
23-24-nji oktýabrda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Albukerke şäherinde ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmagynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler.

Ýaş türkmen sazandalary ilkinji gezek Bişkekdäki Delfiýa oýunlaryna gatnaşýarlar
03.10.2023
|21:25
|1066
GDA agza ýurtlaryň sazandalary üçin Delfiýa oýunlary 6-10-njy oktýabr aralygynda Bişkekde geçiriler. Saz bäsleşigi on ýedinji gezek Gyrgyzystanyň paýtagtynda geçirilýär. Türkmenistanly ýaş sazandalar hem bu bäsleşige ilkinji gezek gatnaşýarlar.