Iň täze habarlar

Hytaýyň Black Panther 2.0 roboty tizlik boýunça täze dünýä rekordyny goýdy

07.07.2025 | 14:05 |
 Hytaýyň Black Panther 2.0 roboty tizlik boýunça täze dünýä rekordyny goýdy

Hytaýyň iň täze dört aýakly roboty Black Panther 2.0 robotlaryň arasynda täze dünýä tizligi rekordyny goýdy. Uhandaky CMG World Robot Skills Competition bäsleşiginde ol sekuntda 10,3 metr tizlik bilen hereket etdi. Bu görkeziji, Boston Dynamics kompaniýasynyň WildCat robotynyň on ýyl mundan ozal sekuntda 8,89 metr bolan öňki rekordyndan ep-esli öñe geçdi.

Black Panther 2.0 juda ýeňil we ykjam gurluşly enjam bolup, omuñ agramy 38 kilogram, beýikligi bolsa 0,63 metrdir. Şeýle täsirli tizlik derejesine ýetmek üçin inženerler birnäçe innowasion çözgütleri ulandy:

• Gýuýgens maýatnigi ýörelgesi: Ähli dört aýagyň hereketleriniñ sinhronlaşdyrylmagy bu ýörelge esasynda ýerine ýetirilip, ylgamagyň netijeliligi ýokarlandyrdy.

• Aýaklarda ýörite amortizatorly dyz bogunlary: Bu aýratynlyk gurluşa düşýän agramy peseldip, hereket wagty energiýa sarp edilişini ep-esli azaldýar.

• Uglerod süýümli plastik injikleri: Uglerod süýümli plastigiñ ulanylmagy aýaklaryň berkligini 135% ýokarlandyrdy, agramy bolsa diňe 16% artdyryldy.

• “Dyrnakly” daban: Bu gurluş ýöreýiş ýüzüniň bilen aragatnaşygyny 200% gowulandyrdy, bu bolsa ýokary tizlikli hereket üçin örän möhümdir.

Bu üstünlik Hytaýyň robototehnika ulgamyndaky çalt ösüşini we innowasion mümkinçiliklerini aýdyň görkezýär.

ORIENT

Foto: rutab.net

Şeýle hem okaň: